37.9 C
Aşkabat
01.08.2025
GÜNÜŇ WAKALARY

Prezidentimiz Tunisyň Prezidentine Gynanç Bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Tunis Respublikasynyň Prezidenti jenap Beži Kaid Es-Sebsä Tunis şäherinde bolup geçen, köpsanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.

“Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny iň bir aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar” diýlip, hatda aýdylýar.

Türkmenistanyň Baştutany gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny aýtdy.

Degişli makalalar

Aşgabat 2017-niň Başlanmagyna 100 Gün Galdy

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

Daşoguzly ýaşlar üçin sagaldyş öýi.

syrach