15.9 C
Aşkabat
18.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Prezidentimiziň Ýaponiýa resmi sapary başlanýar.

Tokioda geçiriljek ýokary derejedäki duşuşyklaryň barşynda deňlik, birek-birege ynanyşmak we milli bähbitleri nazara almak esasynda türkmen we ýapon halklarynyň arasynda ýola goýulýan köpýyllyk döwletara netijeli gatnaşyklaryny täze derejä çykarmaga gönükdirilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm we geljekki ugurlary kesgitlener. 

Türkmenistanyň wekilçilikli hökümet toparynyň Ýaponiýa sapary biziň ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny hemmetarapaýyn pugtalandyrmaga we umumy dünýä işine işjeň gatrnaşmaga gönükdirilen daşary syýasat ugrunyň strategiýasyny durmuşa geçirmegiň ýolundaky möhüm ädim hökmünde öňe çykýar. Munuň özi ählumumy durnuklylygy hem-de howpsuzlygy saklamakda häzirki zamanyň möhüm şerti bolup durýar. 

Täze taryhy eýýamda köp derejeli türkmen-ýapon gatnaşyklary, ýokary derejede ýygy-ýygydan geçirilýän duşuşyklar soňky ýyllarda ýola goýulýan döwletara hyzmatdaşlygynyň sazlaşykly ösýändigini alamatlandyrýar. Ýaponiýada Türkmenistanyň Ilçihanasynyň açylmagy hakyndaky çözgüdiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan şu ýylyň maýynda gol çekilen ýörite Perman arkaly berkidilmegi ägirt uly ikitaraplaýyn gyzyklanmalaryň bardygynyň aýdyň subutnamasydyr. 

Dünýäniň ösen ýurtlarynyň hatarynda öz ornuny berkidýän Ýaponiýa Türkmenistan üçin iň bir ähmiýetli hyzmatdaşlaryň biri bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyz Ýaponiýa bilen diňe bir gatnaşýan ýurtlar üçin däl, eýsem tutuş sebit üçin ägirt uly ykdysady peýdasy bolan bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär. 

Hyzmatdaşlygyň uzakmöhletleýin we özara peýdaly häsiýete eýe bolmagy türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň möhüm ykdysady ugrunyň biridir. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 29-njy awgustynda Ýaponiýa resmi saparynyň öňüsyrasynda ýapon žurnalistleri bilen bolan söhbetdeşlikde, Ýaponiýa Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde Türkmenistanyň öňdebaryjy söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar diýip belledi we däp bolan ykdysady gatnaşyklaryň depginini ýokarlandyrmak üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny nygtady. Milli Liderimiziň pikirine görä, iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi haryt düzüminiň gowulandyrylmagyny, Türkmenistanda durmuşa geçirilýän we meýilleşdirilýän iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin ýokary tehnologiýaly enjamlaryň import möçberleriniň ýokarlandyrylmagyny ugur edinýär. 

Türkmen ykdysadyýetiniň möhüm pudaklarynda dünýäniň, şol sanda Ýaponiýanyň öňdebaryjy tejribelerine isleg bildirilmegi ýöne ýerden däldir. Bu babatda sapara taýýarlyk görmegiň barşynda nebiti gaýtadan işlemek, aragatnaşyk we telekommunikasiýa, lukmançylyk we saglygy goraýyş, ylym we tehnika ulgamlarynda innowasion düzümleri döretmek ýaly ugurlar bellenildi. 

Saparyň maksatnamasynda görkezilen çäreleriň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň ýokary ýolbaşçylary, Ýaponýanyň imperatory Akihito we Ýaponiýanyň premýer-ministri Sindzo Abe, şeýle hem iri ýapon kompaniýalarynyň birnäçe ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirer. Munuň özi özara gyzyklanma bildirilýän hem-de milli ykdysadýetleriň üstüniň ýetirilmegini nazarlaýyan gatnaşyklary hasaba alanyňda türkmen-ýapon işewür gatnaşyklarynda täze taryhy eýýamda uly geljegi bolan hyzmatdaşlyga giň ýol açylýandygyny äşgär eder. 

Gazanyljak ylalaşyklar işjeň döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek, hyzmatdaşlygyň bar bolan mümkinçiliklerini netijeli durmuşa geçirmek üçin ygtybarly binýat goýulmagyna gönükdirilen we dürli ugurlarda hem-de pudaklarda özara peýdaly gatnaşyklary diwersifikasiýa etmek üçin täze mümkinçilikleri açýan ikitaraplaýyn gol çekilmegine taýýarlyk görülýän resminamalarda öz beýanyny tapar. 

Bu sanawda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň strategik ugry bolup durýan ýangyç-energetika toplumyndaky özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga gönükdirilen resminamalar aýratyn ähmiýete eýedir. Türkmenistanda polietilen, polipropilen, kükürt kislotasyny we beýleki senagat önümlerini öndürýän täze häzirki zaman kärhanalarynyň guruşygyna, şeýle hem dostlukly ýurtlaryň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşinde möhüm orny eýeleýän beýleki geljegi uly bilelikdäki taslamalara gatnaşmak bilen baglanyşykly ýapon tarapyndan birnäçe işewürçilik teklipleriniň gelip gowuşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. 

Ozal habar berlişi ýaly, geçen aýyň ahyrynda Aşgabatda geçirilen işewürçilik maslahatynyň çäklerinde ýapon wekiliýetiniň agzalary Ýaponiýanyň sazlaşykly ösýän we baý tebigy serişdeleri hem-de ägirt uly ykdysady mümkinçilikleri bolan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine bolan meýillerini beýan etdiler. Olar ýurtda durmuşa geçirilýän giň möçberli taslamalara işjeň ganaşmaga hemmetaraplaýyn taýýarlyklaryny aýtdylar. Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň özara gatnaşyklaryň has oňyn ugurlaryny gözlemäge gönükdirilen ykdysady hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň Tokioda geçiriljek ýörite işewürçilik maslahatynyň gün tertibine girizilmegi ýöne ýerden däldir. 

Şu ýylyň iýul aýynda Ýaponiýanyň dünýä belli “Sony” korporasiýasynyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti jenap Şorži Nemoto milli Liderimize hormatly Prezidentimiziň Ýaponiýa boljak saparynyň hormatyna kompaniýa özüniň täze işläp taýýarlamalaryny tanyşdyrmak üçin ýörite çäräni taýýarlaýandygyny habar berdi, onuň dünýäniň ösen tejribelerini özüne çekmegi ugur edinýän Türkmenistan üçin gyzykly boljakdygyny bellemeli. 

Türkmenistan we Ýaponiýa doly möçberli döwletara gatnaşyklaryny ýola goýmagy ugur edinýärler we medeni-gumanitar ulgamdaky hemmetaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge uly ähmiýet berýärler, bu bolsa iki dostlukly halklaryň arasynda birek-birege düşünişmek we ynanyşmak gatnaşyklaryny berkitmäge ýardam berýär. 

Milli Liderimiziň saparyň öňüsyrasynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Ata arzuwyny amala aşyrýan Agtyk” atly kitabyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ömri we işi barada gürrüň berýän bu kitap dünýäniň dürli dillerine, şol sanda rus, iňlis, nemes, türk, hytaý we beýleki dillere terjime edildi. Indi bosa ýapon okyjysyna elýeterli boldy. Bu kitabyň üsti bilen ýapon halky häzirki zaman Türkmenistany, onuň ýurduny ösüşleriň, rowaçylygyň ýoly bilen ynamly öňe alyp barýan Lideriniň durmuş ýoly we köpugurly işi barada örän giň maglumatlara eýe bolar. 

Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň Ýaponiýa boljak nobatdaky saparynyň sazlaşykly ösýän döwletara gatnaşyklarynyň täze taryhynda täze tapgyryň döremegine, birek-birege ynanyşmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklaryň has sazlaşykly we netijeli häsiýete eýe bolmagyna mümkinçilik berer.

Degişli makalalar

Täze Neşirde Kärhanalary we Guramalaryň Arhiw Resminamalarynyň Saklanyş Möhleti Kesgitlenilýär

Aşgabatda Dünýä, Syýasy we Ykdysady Jemgyýetçiliginiň Wekilleri Ýygnandylar

turkmenhabargullugy

Zyýaratçylar haja ugraýarlar.

syrach