22.9 C
Aşkabat
17.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

“Ata arzuwyny amala aşyrýan Agtyk” atly kitap ýapon dilinde.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Ata arzuwyny amala aşyrýan Agtyk” atly kitabyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyryş dabarasy boldy. 

Ýapon myhmanlarynyň wekilçilikli toparynyň gatnaşmagynda geçirilen tanyşdyryş çäresiniň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa boljak saparynyň öňüsyrasynda guralmagy örän guwançlydyr, ol türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny, şol sanda gumanitar ulgamda hem özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin bar bolan mümkinçiliklere laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykarmaga tarap alnan ugry iki tarapyň hem üstünlikli durmuşa geçirýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy. 

Tanyşdyryş çäresine ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, Türkmenistanda resmi taýdan bellenen wekilhanalaryň hem-de diplomatik missiýalaryň baştutanlary, mugallymlar, talyplar, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. 



Bu ýere ýygnananlaryň belleýşi ýaly, bu kitap ýaşlara özboluşly öwüt-nesihatdyr, öz watandaşlarynyň arasynda ägirt uly abraýa eýe bolan görnükli şahsyýetleriň mysalynda olary terbiýelemek ýaş nesliň ýokary ruhy-ahlak hil sypatlaryny baýlaşdyrmakda gymmatly ähmiýeti bardyr. 

Resminamalaýyn maglumatlara esaslanýan we hormatly Prezidentimiziň ömri hem-de işi hakynda gürrüň berýän bu kitap dünýäniň dürli dillerinde, şol sanda rus, iňlis, nemes, türk, hytaý we beýleki dillerde neşir edildi. Indi bu kitabyň ýapon diline terjime edilmegi netijesinde dostlukly Ýaponiýanyň jemgyýetçiligi öz ene dilinde diňe bir döwlet Baştutanymyzyň nesil daragty hakynda däl, eýsem, milli Liderimiziň ýokary döwlet wezipesinde köptaraply işi hakynda hem giňişleýin maglumatlary alyp, özleri üçin Türkmenistany ýene-de has giňden açmaga mümkinçilik aldylar. 

Kitabyň birinji babynda gadymy türkmen obasy Yzgandyň taryhy, onuň ýaşaýjylary barada gürrüň berilýär, şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Lideriniň atasy, ýagny oba intelligensiýasynyň ilkinji wekilleriniň biri, mekdep mugallymy we 1941-1945-nji ýyllaryň urşuna gatnaşan Berdimuhammet Annaýew hem bar. Bu asylly ynsanyň zähmet we durmuş ýoly türkmenistanlylaryň nusga almagy üçin mynasyp mysal bolup hyzmat edýär, olaryň öňünde döwlet Baştutanymyz tarapyndan başy başlanan we Türkmenistany öz ösüşiniň täze sepgitlerine çykarjak giň möçberli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmegi dowam etdirmek wezipesi durýar. 

Kitabyň mowzuklaýyn bölümlerinde milli Liderimiziň bilimi we ylmy, saglygy goraýşy, medeniýeti hem-de sungaty, sporty we syýahatçylygy ösdürmek, ýurdumyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmak baradaky köptaraply işi hakynda gürrüň berilýär. 

Kitabyň aýry-aýry bölümlerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýöredilýän, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan hem-de dünýäniň ähli döwletleri bilen oňyn özara peýdaly hyzmatdaşlygy maksat edinýän daşary syýasatyň möhüm ugurlaryna syn berilýär. 

Tanyşydyryş çäresine gatnaşyjylaryň biragyzdan gelen pikirine görä, täze neşir türkmen-ýapon medeni gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaga goşant bolar, şol gatnaşyklar häzirki zaman taryhy eýýamda täze mazmuna eýe bolýar.

Degişli makalalar

Türkmenistanda galla oragyna badalga berildi.

syrach

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanan üstünlikleriniň sergisi

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi