19.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Pudaklary Ösdürmek Wezipelerini Ýerine Ýetirmek Boýunça Çäreler Kesgitlenildi

Pudaklary Ösdürmek Wezipelerini Ýerine Ýetirmek Boýunça Çäreler Kesgitlenildi

Ministrliklerde we pudak edaralarynda maslahatlar geçirildi, olaryň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 7 aýynda ýurdumyzyň ösüşüniň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde öňde goýlan meselelere garaldy.

Ýurdumyzyň maliýe-ykdysady ulgamynda geçirilen maslahata ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, maliýe we salgyt edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Maslahatda köpugurly mümkinçilikler, iri möçberli özgertmeleriň, maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň, dürli ulgamlarda iň täze tehnologiýalaryň peýdalanylmagynyň geljekde hem türkmen ykdysadyýetiniň ösüşiniň ýokary depginleriniň üpjün edilmegine, daşary söwda dolanyşygynyň hem-de girdejileriň artmagyna ýardam berjekdigi bellenildi. Bu ulgamda öňde goýlan maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň, şeýle hem halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň bazar ykdysadyýeti şertlerinde mundan beýläk-de durnukly, deňeçer ösüşiniň gazanylmagynyň möhümdigi nygtaldy.

Döwlet Baştutanymyzyň daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alan ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek meselelerine uly üns bermegiň zerurdygy baradaky görkezmelerinden ugur alyp, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň hem-de Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň hünärmenleri täze iş orunlaryny döretmek boýunça çäreleriň dowam etdiriljekdigini bellediler.

Ýangyç-energetika toplumynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine bagyşlanan maslahatyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagy işjeňleşdirmek, uglewodorod çig malynyň täze ýataklaryny açmak baradaky talaplaryna maslahata gatnaşyjylaryň ünsi çekildi. Milli Liderimiz nebitgaz toplumynda iri maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň barşyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy, bu taslamalar ýurdumyzda tebigy gazyň we nebitiň çykarylýan möçberleriniň, şeýle hem daşary ýurtlarda uly islege eýe bolan nebit önümleriniň dürli görnüşleriniň önümçiliginiň mundan beýläk-de artdyrylmagynyň üpjün edilmegine ýardam bermelidir.

“Türkmenistanyň milli nebitgaz kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň işini işjeňleşdirmek boýunça degişli resminama gol çekilmegi ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň, onuň bellenilen meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegi boýunça işiniň netijeliligini üpjün etmegiň ýolunda möhüm ädim boldy.

Obasenagat toplumynyň ugurdaş edaralarynyň we düzümleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen maslahatyň gün tertibine milli Liderimiziň oba hojalygynda geçirilýän düýpli özgertmeler babatynda görkezmelerini amala aşyrmak boýunça meseleler girizildi.

Hususan-da, oba hojalyk ekinleriniň hasylylygynyň ýokarlanmagyna ýardam berýän öňdebaryjy oba hojalyk tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, gara mallaryň we ownuk şahly mallaryň hem-de guşlaryň baş sanyny köpeltmek, ýyladyşhanalary, çig maly gaýtadan işlemegiň esasynda ýokary hilli önümleri öndürýän häzirki zaman oba senagat kärhanalaryny gurmak, obasenagat toplumyna ykdysadyýetiň hususy pudagynyň wekillerini çekmek meseleleri hakynda habar berildi. Şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işlerini — pagta ýygymyny we beýleki işleri geçirmek bilen baglanyşykly wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ulag-aragatnaşyk, senagat we gurluşyk ulgamlarynda, ministrliklerde we pudaklaýyn düzümlerde geçirilen maslahatlarda täzeçil tehnologiýany, ylmy-tehniki ösüşiň soňky gazananlaryny, bu ulgamdaky iň oňat dünýä tejribelerini durmuşa işjeň ornaşdyrmak, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan gaýragoýulmasyz wezipelerini ýerine ýetirmek babatdaky maksatnamalara garaldy.

Paýtagtyň uzakmöhletleýin geljegi göz öňünde tutulýan doly derejeli ýaşaýyş ukybyny üpjün etmek maksady bilen ýol-ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmak bu maksatnamanyň möhüm düzüm bölegidir.

Maslahata gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň öňde goýýan jogapkärli wezipelerini ýerine ýetirmek boýunça ilkinji nobatdaky çäreleri anykladylar. Ozaly bilen “Aşgabat 17” oýunlarynyň badalga almagyna çenli ýurduň baş şäherini abadanlaşdyrmak, gurulýan desgalary öz wagtynda tabşyrmak, şeýle hem milli Liderimiziň aýdan anyk maslahatlary göz öňünde tutulyp, oýlanyşykly maksatnamalary düzmek boýunça meýilnamalaşdyrylan işleriň geçirilmeginiň wajyplygy nygtaldy.

Söwda toplumynyň we telekeçiligiň ugurdaş edaralarynyň hem-de düzümleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen maslahatlaryň gün tertibine pudaklaýyn meýilnamalary durmuşa geçirmegiň meseleleri girizildi. Olaryň hatarynda daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň möçberini artdyrmak, ähli gyzyklanýan hyzmatdaşlar bilen daşary ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmak ýaly meseleler bar.

Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynyň işine bagyşlanan maslahatda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ugurdaky görkezmelerini we tabşyryklaryny durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz çäreleriň maksatnamalaryna garaldy. Milli Liderimiz soňky ýyllarda emele-gelen maddy-enjamlaýyn binýady doly we netijeli ulanmagy, milli emeli hemrany ulanmak arkaly halkymyzyň ruhy-medeni baýlygyny wagyz etmegi medeniýet ulgamyndaky möhüm wezipeleriň hatarynda görkezdi.

Duşuşyklaryň barşynda ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýetli bolan wakanyň — Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň barşyny we Oýunlaryň geçiriljek günlerinde medeni-köpçülikleýin çäreleriň guralyşyny köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde şöhlelendirmegiň wajyplygy aýratyn nygtaldy.

Maslahatyň barşynda hormatly Prezidentimiziň ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň öňünde goýan meselelerini çözmek ugrunda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna seljerme berildi. Mundan başga hem hormatly Prezidentimiziň lukmançylyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak, okatmagyň we işgärleri taýýarlamagyň ulgamyny, ylmy edaralaryň we sport ulgamynyň işini kämilleşdirmek boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen guramaçylyk işleriniň esasy ugurlary kesgitlenildi.

Çykyşlarda Ýapyk binalarda we söweş sungat boýunça V Aziýa oýunlarynyň taýýarlygyna üns çekmek bilen, şu mynasybetli guralýan çäreleri degişli derejede geçirmek boýunça toplumlaýyn işleriň, iri halkara bäsleşiklerinde biziň türgenlerimiziň şowly çykyşlarynyň ähmiýeti aýratyn bellenildi.

Maslahatlaryň ahyrynda oňa gatnaşyjylar özlerine bildirilen ynam üçin hoşallyklaryny beýan etdiler we öňde goýlan ähli wezipeleri üstünlikli çözmek, Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek we halkymyzy abadan ýaşatmak ugrunda yhlasly zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.

Degişli makalalar

Daşkentde Türkmen-Özbek Syýasy Geňeşmeleri

syrach

Bildiriş

Oýunlar Başlanýar: Türkmenistan Ilkinji Altyn Medallaryny Gazanmak Üçin “Dyrjaşýar”