21.2 C
Aşkabat
24.04.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Türkmenistanyň Dubaýdaky Halkara Nebitgaz Roud-Şouna Gatnaşyjylaryň Sany Artýar

24-nji fewralda Dubaýda (BAE) Hyatt Regency – Dubai Creek Heights-de geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2020 Halkara roud şouna eýýäm 80-den gowrak kompaniýalaryň we guramalaryň, dünýäniň 20 döwletinden hökümet wekiliýetleriniň iki ýüzden gowrak wekili gatnaşmaga isleg bildirdi.

Forumyň dowamynda halkara nebitgaz kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we Türkmenistanyň hökümet wekilleri ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşarlar. Şolaryň hatarynda: Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky ygtyýarlandyrylan şelf bloklaryndaky känleri işläp taýýarlamak; irki känlerde çig mal çykarylyşy işjeňleşdirmeklige ýardam edýän täze tehnologiýalary ulanmaklyga maýa goýumlary çekmek; çylşyrymly işlenilýän känlere, gazhimiýa taslamalaryna maýa goýumlary çekmek.

Şeýle hem Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan transmilli gaz geçirijisini, beýleki maýa goýum taslamalaryny tebigy gaz bilen üpjün etmek üçin «Galkynyş» ägirt uly gaz käniniň nobatdaky tapgyryny işläp taýýarlamakda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerine seredip geçmek meýilleşdirilýär.

Ýakynda geçiriljek iri nebitgaz işewür-forumyň barşynda daşary ýurt kompaniýalary Türkmenistanyň nebitgaz kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyp, hyzmatdaşlyk, maýa goýumlar bilen bagly gyzyklandyrýan meselelerini maslahatlaşyp bilerler.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleri Hyzmatdaşlygyň Täze Ýoluny Açdylar

turkmenhabargullugy

Hazaryň Kenarýaka Zolagynyň Ýataklary Işlenilýär

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga Gol Çekdi