17 C
Aşkabat
09.05.2024
SPORT

Ruhabat etrabynyň Gökje obasynda täze sport mekdebi açyldy.

Ruhabat etrabynyň Gökje obasynda ýerleşýän täze sport toplumynyň töwereginde baýramçylyk ýagdaýy höküm sürdi. Şu gün bu ýerde “Belent gurnama gurluşyk” kärhanasy tarapyndan bina edilen häzirki zaman sport mekdebini ulanmaga bermek dabarasy boldy. Dabaranyň dowamynda aýratyn tapawutlanan gurluşykçylara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. 

Täze sport toplumynyň açylyş dabarasyna welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaş türgenler hem-de obanyň köp sanly ýaşaýjylary gatnaşdylar. Ýaş döredijilik toparlarynyň toplumyň futbol meýdançasynda ýerine ýetiren aýdym-sazlary, tanslary, türgenleriň görkezme çykyşlary bu çärä baýramçylyk öwüşgünini çaýdy. Dabarada çykyş edenleriň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 21 ýyllygynyň öň ýanynda ulanmaga berilýän bu desga hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ösüp gelýän ýaş nesil hakynda edýän aladasynyň we köpçüligiň arasynda, esasanam ýaşlaryň arasynda sporty wagyz-nesihat etmek boýunça durmuşa geçirýän işleriniň ýene bir subutnamasydyr. 80 müň inedördül metr meýdany eýeleýän sport toplumynyň düzümine 1500 orunlyk stadion, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin iki gatly jaý, ýyladyş, sowadyş, howuzlara suw beriş ulgamlarynyň sazlaşykly işlemegini üpjün edýän inženerçilik desgasy girýär. 

Münberler islendik howa ýagdaýynda hem oýunlara tomaşa etmek üçin zerur enjamlar bilen abzallaşdyrylandyr. Münberiň aşagyndaky jaýlarda maslahatlar zaly, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin türgenleşik enjamlary goýlan ýörite zal, eminler üçin otaglar we beýleki jaýlar ýerleşdirilipdir. Toplumyň töweregi abadanlaşdyrylypdyr. Bu ýerde pürli we ýaprakly agaçlaryň, gyrymsy ösümlikleriň we bezeg gülleriniň nahallary oturdylypdyr. Toplumyň esasy girelgesiniň öň tarapy bezeg gülleri bilen bezelipdir. Şeýle hem bu ýerde 50 adama niýetlenen kafe ýerleşýär. 

Futbol meýdançasyna emeli örtük düşelipdir. Onuň umumy meýdany 7 müň inedördül meýdandan geçýär. Meýdançanyň daşynda ýeňil atletika bilen meşgullanmak üçin ylgaw ýodajyklary çekilipdir. Agşamlaryna hem oýunlary geçirmek üçin meýdança göwnejaý yşyklandyrylar. Şeýle hem bu toplumyň düzüminde woleýbol, basketbol meýdançalary, tennis korty bar. Toplumyň ähli desgalary her hili sport bäsleşiklerini geçirmek üçin zerur bolan talaplar göz öňünde tutulyp gurlupdyr. 

Sport toplumynyň esasy binasynda köpugurly ýapyk sport zaly bolup, onda bir wagtyň özünde basketbol, woleýbol, kiçi futbol boýunça geçiriljek ýaryşlara tomaşaçylaryň 300-si syn edip biler. Şeýle hem bu ýerde boks, agyr atletika, söweşjeň sungaty bilen meşgullanmak üçin ýörite zallaryň köp sanlysy, tigir sürmek üçin ýörite jaý ýerleşendir. Stoluň üstünde oýnalýan tennis, aerobika boýunça ussatlygy kämilleşdirmek üçin şertler göz öňünde tutulypdyr. Ulular we kiçiler üçin niýetlenen ýörite howuzlaryň ikisi bar. Sportuň milli göreş, şeýle hem grek-rim, sambo, karate we dzýudo ýaly görnüşleri bilen türgenleşmek üçin hem zerur şertler döredilipdir. Bu ýerde dürli türgenleşik enjamlaryň toplumy bolan jaýlar, lukmançylyk nokady, dürli okuwlary we maslahatlary geçirmek üçin usulyýet synp otaglary ýerleşdirilipdir. 

Sport desgalarynyň açylyş dabarasy Ruhabat we Ak bugdaý etraplarynyň futbol toparlarynyň ýoldaşlyk duşuşygy bilen tamamlandy.

referans: www.turkmenistan.gov.tm 

Degişli makalalar

Türkmen Pälwanlarynyň Nobatdaky Üstünligi

syrach

Ýokary Küşt Toparynyň Agzalarynyň Sany Artdy

syrach

Dünýäniň Absolýut Çempiony Konstantin Szýu Boks Boýunça Türkmenistanyň Çempionatynyň Hormatly Myhmany