21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
SPORT

Türkmen samboçylarynyň ynamly ýeňşi

Türkmen paýtagtynda sambo boýunça Merkezi Aziýanyň 3-nji çempionaty umumy toparlaýyn hasapda Türkmenistanyň toparynyň ynamly ýeňşi bilen tamamlandy.

Bäsleşikleriň tamamlaýjy gününde söweşjeň sambonyň wekilleri iň güýçlileriň derejesi ugrunda bäsleşdiler. Bu ugur boýunça hem türkmenistanlylaryň artykmaçlygy gürrüňsiz boldy. Agram derejeleriniň dokuzysynyň sekizisinde olar iň ýokary sylaga mynasyp boldular we diňe birinde kümüş medal bilen oňmaly boldular. Hormat münberiniň ýokarky basgançagyna Balkanabatdan Ý.Baýryýew /52 kg. çenli/, Aşgabatdan T.Döwletow /62 kg. çenli/, Daşoguzdan F.Abdullaýew /68 kg. çenli/, Abadandan A.Nyýazmeňliýew /74 kg. çenli/, Änewden D.Kasymow /82 kg. çenli/, Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Ç.Annagurbanow /90 kg. çenli/, Daşoguzdan Z.Madaminow /100 kg. çenli/ we Abadandan Ş.Annamuhammedow /100 kg-dan ýokary/ çykdylar.

Şeýlelikde, maksatnamanyň ähli üç görnüşiniň jemleri boýunça – erkekleriň we aýallaryň arasynda sport sambosy we erkekleriň arasynda söweşjeň sambo boýunça türkmen türgenleri medallaryň jemi 27-sini /17 altyn, 9 kümüş we 1 bürünç/ gazandylar. Umumy toparlaýyn hasapda ikinji orny Özbegistanyň wekilleri eýelediler. Baýrakly üçlügiň soňky orny Gyrgyzystan Respublikasynyň toparynyň paýyna düşdi.

Hünärmenleriň pikirine görä, türkmen toparynyň şeýle täsir galdyryjy eňşine onuň halypalarynyň – Türkmenistanyň at gazanan türgenleşdirijileri O.Muhammetnazarowyň, N.Mämmedowyň, D.Tejenowyň, A.Adaýewiň, B.Orazowyň, şeýle hem F.Nurmetowyň maksada gönükdirilen işi ýardam etdi. Şolaryň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň aýallar we erkekler ýygyndy toparlary netijeli okuw-türgenleşiklerini Türkmenabatda we Gökderede geçirdiler, Merkezi Aziýanyň çempionatynda türkmenistanlylaryň üstünlikli çykyşlary hem şol türgenleşikleriň netijesi boldy.

Sebitleýin bäsleşikleriň ilkinji gezek Aşgabatda geçirilmegi Türkmenistanyň halkara sport hereketine barha giňden gatnaşýandygynyň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge tarap alan ugrunyň anyk durmuşa geçirilmeginiň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy. Şol ugur ruhy baýlygy we beden kämilligini özünde utgaşdyrýan türkmen ýaşlarynyň sazlaşykly ösüşine ýardam edýär. Ýeri gelende aýtsak, bu barada çempionatyň ýapylyş dabarasynda oňa gatnaşyjylaryň ählisi biragyzdan nygtadylar.

Merkezi Aziýanyň türkmen paýtagtynda geçirilen çempionatynyň guramaçylygyna Aziýanyň sambo federasiýasynyň /ASF/ prezidenti F.Pulatow hem ýokary baha berdi. Onuň pikirine görä, häzirki bäsleşikleriň Türkmenistanda geçirilmeginiň guralyşy şeýle ýokary derejeli boldy, şoňa görä-de, ASF Merkezi Aziýanyň geljekki çempionatyny hem Aşgabatda geçirmegi niýet edinýär. Mundan başga-da, Aziýanyň sambo federasiýasynyň baştutanynyň pikirine görä, 2014-nji ýylyň sambo boýunça Aziýa çempionatyny özünde geçirmek boýunça bäsleşikde Türkmenistanyň eňiş gazanmaga ähli mümkinçilikleri bar. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Rostami Aşgabat Şäherini Taryplady

Futzal Boýunça Türkmenistanyň Ilkinji Naýbaşy Kubogy «Köpetdagda»

Türkmen Milli Göreşi Boýunça Serdar Şäheriniň Birinjiligi Tamamlandy

turkmenhabargullugy