19.9 C
Aşkabat
03.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Yragyň Premýer ministri Maliki Russiýada saparda bolýar.

 Yrak bilen Russiýa energetika we ýaraglanmak ugurlary boýunça edýän hyzmatdaşlygyny ýokarlandyrýar.Yragyň Premýer ministri Nuri Al Maliki Russiýada saparda bolýar.Premýer ministr Maliki goranmak senagatynda Russiýanyň kömegine garaşýandyklaryny aýtdy.Maliki Moskwada metbugata beren beýanatynda Yragyň öz-özüni gorap saklamagy we terrorçylyga garşy göreşmegi üçin has köp ýaragyň gerekdigini nygtady.Siriýada dowam edýän wakar hakynda hem durup geçen Maliki Yragyň hökümetiniň ne Siriýanyň hökümetine ne-de oppozisiýonerlere goldaw berýändigini ýatlatdy.Siriýa harby taýdan operasiýa guralmagyna garşy bolandyklaryny aýdan Maliki “Meseläniň Ženewa şertnamasynyň çäginde çözülmegini isleýäris” diýip belledi.Maliki Russiýa guraýan resmi saparynyň çäginde Premýer ministr Dmitriý Medwedew we Prezident Wladimir Putin bilen duşuşar.Duşuşyklarda iki ýurduň arasynda energetika we goranmak senagaty taýdan hyzmatdaşlyk edilmegi bilen baglanşykly şertnamalara gol çekişiler.Yragyň Premýer ministri Maliki Russiýada geçirjek duşuşyklaryndan soň Çeh Respublikasyna gider.

Degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz Paýtagtymyzda Alnyp Barylýan Işleriň Barşy Bilen Tanyşdy

Sebit Bilermenleri Aşgabatda Merkezi Aziýada Energetika Howpsuzlygy Meselelerini Maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Kazylarynyň I Maslahaty Geçirildi