22.9 C
Aşkabat
17.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Rumyniýanyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi saparyna.

Rumyniýanyň Prezidenti Traýan Beseskunyň Türkmenistana resmi sapary başlanýar. Nobatdaky ýokary derejedäki türkmen-rumyn duşuşygy soňky wagtlarda täze mazmuna eýe bolan däbe öwrülen dostlukly döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň ýolunda ýene-de bir möhüm ädim bolar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylda Rumyniýa bolan resmi saparynyň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklar munuň tassyklanmasydyr, şol saparyň çäklerinde taraplar ikitaraplaýyn görnüşde hem, köptaraplaýyn görnüşde hem doly möçberli hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny we berk maksat edinýändiklerini tassykladylar. Bu babatda 2007-nji ýylda Ýewropa Bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolan bu ýurt bilen hyzmatdaşlyga Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň üsti bilen hem garalýar, munuň özi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. 

Bu ýagdaýlaryň hemmesi Aşgabatda boljak ýokary derejedäki gepleşikleriň oňyn ýagdaýyny köp babatda öňünden kesgitleýär, şolaryň üstünligi özara bähbitleriň we hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklerini şertlendirýär. Garaşylyşy ýaly, ylalaşyklar türkmen-rumyn gatnaşyklaryna täze hil we depgin berer, olar döwletara resminamalarynyň gol çekmäge taýýarlanylýan toplumynda berkidiler. 

Türkmen-rumyn hyzmatdaşlygynyň mümkinçiligi hakynda söz açylsa, ugurlaryň giň topary boýunça netijeli işewür gatnaşyklary ýola goýmak üçin örän amatly mümkinçilikleri şertlendirýär, şonda tagallalary birleşdirmek has möhüm we netijeli bolup durýar. Şol ugurlaryň hatarynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika ulgamlary, ulaglar we aragatnaşyk, gurluşyk, oba hojalygy, önümleri gaýtadan işleýän senagat, syýahatçylyk we başgalar bar. 

Ykdysady we ylmy–tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-rumyn hökümetara toparyna özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmekde ähmiýetli orun berilýär, şol toparyň işi ikitaraplaýyn ylalaşyklary iş ýüzünde amala aşyrmagy, ähli ugurlar boýunça we hususan-da, telekeçilik ugry boýunça netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmegi maksat edinýär. 

Şeýlelikde, Rumyniýanyň Prezidenti Traýan Beseskunyň Türkmenistana häzirki resmi sapary taraplaryň hoşniýetli erk-isleglere hem-de döwletara gatnaşyklaryny özara bähbitlere we örän uly mümkinçiliklere laýyk gelýän düýbünden täze derejä çykarmagy maksat edinýändiklerine daýanmak bilen uzakmöhletli, özara peýdaly esasda guraýan biziň dostlukly ýurtlarymyzyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga hem-de giňeltmäge täze itergi berer.

referans:www.turkmenistan.gov.tm 

Degişli makalalar

ÝB Eýran Bilen Gepleşik Geçirmegi Meýilleşdirýär

syrach

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

turkmenhabargullugy

Göç idaresi: Turizm Amaçlı Kısa Dönem İkamet İzinleri Hakkında duyuru

turkmenhabargullugy