19.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanda Merdana Watan Goragçylary Sarpalanylýar

Ýurdumyzda şanly sene bolan Watan goragçylarynyň güni we Milli goşunyň döredilmeginiň 27 ýyllygy giňden dabaralandyryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow serkerdelere, esgerlere, gullukçylara we harby talyplara iberen Gutlagynda ýurdumyzy senagat taýdan kuwwatly, durmuş-ykdysady taýdan ösen döwlete öwürmekde, uly ösüşleri gazanmakda, belent sepgitlere ýetmekde Watan goragçylarynyň mynasyp goşandynyň bardygyny belledi. 

25-nji ýanwarda geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde milli Liderimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň öňde goýlan wezipeleri döwrüň talabyna laýyk derejede netijeli ýerine ýetirmegi üçin harby gullukçylaryň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça anyk işleriň amala aşyrylýandygyny belledi. 

Döwlet Baştutanymyz Milli goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna möhüm üns berilýändigini belläp, Watan goragçylary üçin ýokary amatlykly täze ýaşaýyş toplumlarynyň gurulmagyny yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

Goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinada bu düzümleriň öňünde durýan möhüm maksatlaryň kesgitlenendigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaragly Güýçleri mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamalaryny ýerine ýetirmek üçin ähli düzümleriň utgaşykly işleriniň üpjün edilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Öňdebaryjy usullary we dünýä tejribesini işjeň özleşdirmek degişli wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. 

Häzirki döwürde Türkmenistanda Milli goşunyň düzümlerini täze ýörite tehnikalar hem-de enjamlar bilen üpjün etmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar we olaryň döwrebap gullugy hem-de ýaşaýşy üçin zerur şertler döredilýär hem-de harby gullukçylaryň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak boýunça çäreler görülýär. 

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, şu gün Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň has tapawutlanan harby gullukçylara, serkerdelere hem-de beýleki işgärlerine döwlet sylaglaryny we paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde ýerleşýän oňaýly ýaşaýyş öýleriniň açarlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Munuň özi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan harby özgertmelerde durmuş ulgamyna möhüm ornuň degişlidiginiň aýdyň subutnamasydyr. 

Dabara Watan goragçylarynyň durmuşynda ýatdan çykmajak waka öwrüldi. Olar mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşy üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi babatda yzygiderli tagalla edýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar. 

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň gullukçylarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» şygary astynda geçýän ýylda olaryň 500-den gowragy ýokary amatlykly öýlere göçüp barar.

Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda 26-njy ýanwarda geçirilen maslahatlar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan beýik maksatlaryny üstünlikli amala aşyrmak bilen baglanyşykly alnyp barylýan işlere bagyşlandy.

Maslahatlara gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň goranyş kuwwatyny berkitmek, Ýaragly Güýçleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, ýokary hünärli harby gullukçylary taýýarlamak boýunça Türkmenistanda toplumlaýyn maksatnama yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Milli goşunymyz halkymyzyň abadan durmuşynyň, döredijilikli zähmetiniň sarsmaz galasy bolup, ýurdumyzda parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine gulluk edýär. Bu ýörelgeler hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan we goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinada öz beýanyny tapdy.

Dabara gatnaşyjylaryň çykyşlary ýurdumyzyň goranyş kuwwatyny berkitmek, harby gullukçylar we işgärler üçin ähli zerur şertleri döretmek ugrunda yzygiderli alada edýän milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa aýdylýan alkyşlara utgaşdy. Bu düzümleriň ygtyýaryna gelip gowuşýan häzirki zaman ýerüsti we howa harby tehnikalary Watanymyzyň howpsuzlygyny berkitmek meselelerine döwletiň yzygiderli üns berýändiginiň tassyknamasydyr.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarly Watanymyzyň özygtyýarlylygyny goramak we ony mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar diýip, dabara gatnaşyjylar nygtadylar.

Baýramçylyk mynasybetli harby gullukçylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň ýanynda oturdylan heýkeline we gahryman pederlerimize edermenligiň nyşany hökmünde “Halk hakydasy” ýadygärligine gül goýmak dabarasyna gatnaşdylar. Olar mähriban halkymyzyň azatlygy we erkinligi üçin pederlerimiziň söweşlerde görkezen edermenligine çuňňur hormatyň nyşany hökmünde tagzym etdiler.

Paýtagtymyzdaky Merkezi serkerdeler öýünde harby gullukçylaryň döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda konsert boldy. Olaryň çykyşlary nesilleriň üznüksiz arabaglanyşygyny, halkymyzyň parahatçylyk söýüjiligiň, ynsanperwerligiň we döredijiligiň belent maksatlaryna üýtgewsiz ygrarlylygyny şöhlelendirdi.

Dabaranyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidentine Ýüzlenme kabul edildi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa yzygiderli ünsi we bildirýän ýokary ynamy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirmek bilen, harby gullukçylar mukaddes borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirjekdiklerine, garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň goragynda sak durjakdyklaryna, türkmen topragynda parahatçylygy we ylalaşygy gözleriniň göreji ýaly saklajakdyklaryna hem-de özygtyýarly Watanymyzyň şöhratyny artdyrjakdyklaryna ynandyrdylar.

tdh

Degişli makalalar

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke Atçylyk Toplumyndaky Dabaralara Gatnaşdy

turkmenhabargullugy

Ýaşlarymyzyn Üstünlikleri Ýurdumyzyň Beýik Gelejegidir

syrach

Türkmenistanyň Mejlisinde Hytaý Halk Respublikasynyň Wekiliýetiniň Agzalary Bilen Duşuşyk Geçirildi