15.9 C
Aşkabat
18.05.2024
DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, energetika we senagat ministrini kabul etdi

Şu gün Katarda resmi sapar bilen bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz kabulhanasynda Katar Döwletiniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, energetika we senagat ministri jenap Abdylla bin Hamad Al-Atiýany kabul etdi.

Türkmen Lideri bilen salamlaşyp, Abdylla bin Hamad Al-Atiýa Türkmenistanyň Prezidentini ýokary derejedäki türkmen-katar gepleşikleriniň üstünlikli geçmegi bilen gutlady. Onuň gün tertibine ileri tutulýan ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy girizildi. Dostlukly döwletiň ýokary wezipeli wekiliniň nygtaýşy ýaly, ol Türkmenistanyň – diňe bir ägirt uly ykdysady we serişdeler gorlaryna, şol sanda energetiki mümkinçiliklerine däl, eýsem beýik gadymy taryhy we medeniýeti bolan ýurduň Baştutany bilen duşuşmak mümkinçiligine örän şatdyr. Abdylla bin Hamad Al-Atiýanyň aýdyşy ýaly, katarlylar türkmen halkyna tüýs ýürekden haýran galýarlar, dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine goşan uly goşandy onuň ajaýyp döredijilik zehinine şaýatlyk edýär. Türkmen halkynyň adamzada köp sanly görnükli şahsyýetleri berendigi, onlarça döwletleri döredendigi jedelsizdir. Özüniň häzirki täze taryhynda Türkmenistan düýpli reformalar syýasatynyň awtory — Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda çalt depginlerde ösüp hakyky galkynyş eýýamyny başdan geçirýär.

Hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen Lideri biziň ýurtlarymyzyň halklaryny taryhy umumylyk we ruhy – medeni gymmatlyklar birleşdirýär diýip belledi, olar bolsa häzirki zaman döwletara gatnaşyklarynyň binýadyny düzýär. Türkmenistan öz tarapyndan şol gatnaşyklary işjeň ösdürmegi meýilleşdirýär.

Duşuşygyň barşynda dünýäde tebigy gazy eksport etmek boýunça iri energetika döwletleri bolup durýan iki ýurduň hem ykdysadyýeti üçin strategiki pudak bolan nebitgaz ulgamynda özara gatnaşyk etmegiň geljegi hakynda giňişleýin pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda hyzmatdaşlygyň, ilkinji nobatda, Türkmenistanda amala aşyrylýan ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň uzakmöhletleýin maksatnamasyny göz öňünde tutmak bilen hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol maksatnamanyň esasy faktorlary hökmünde bolsa öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň esasynda pudaklaýyn infrastrukturany döwrebaplaşdyrmak we energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak ýörelgesi çykyş edýär. Bellenilip geçilişi ýaly, bu ulgamda gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine energetika boýunça bilelikdäki türkmen-katar iş toparynyň döredilmegi täze itergi berer. Türkmenistanyň Prezidentiniň bu teklibi şu günki geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň barşynda aýdylan ikitaraplaýyn hökümetara toparyny döretmek hakyndaky başlangyjy ýaly katar tarapynyň doly goldawyna eýe boldy. Ýokarda agzalan toparyň düzüminde nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri boýunça bilelikdäki düzümi döretmek meýli iki döwletiň ýangyç-energetika toplumy babatynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Şunuň bilen baglylykda Katar Türkmenistanyň dünýäniň energetika giňişliginde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gönükdirilen düýpli çemeleşmelerini doly goldaýar diýip nygtap, dostlukly ýurduň ýokary wezipeli wekili türkmen döwletiniň Baştutanynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 65-nji sessiýasynyň belent münberinden beýan eden energiýa serişdeleriniň durnukly iberilmeginiň halkara mehanizmini döretmäge degişli başlangyçlarynyň ähmiýetini aýratyn belledi.

Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň milli bähbitlere-de, umumy bähbitlere-de laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlyk strategiýasyna ygrarlydygyny tassyklap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow energetika howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda tagallalary has mäkäm birleşdirmäge gönükdirilen başlangyçlar sebit we global möçberlerde abadançylygyň maksatlaryna we durnukly ösüşe hyzmat eder diýip belledi.

Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, Türkmenistan elmydama netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin açykdyr we bu möhüm ulgamda iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmek üçin ähli şertlere we serişdelere eýedir. Munuň aýdyň mysaly hökmünde türkmen «mawy ýangyjy» Hytaýa üznüksiz iberilýän Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça ägirt uly taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini, şeýle hem beýleki bir halkara gaz ulgamy bolan —Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan /TOPH/ taslamasynyň üstünde depginli alnyp barylýan işleri belledi.

Jenap Abdylla bin Hamad Al-Atiýa öz gezeginde beýleki arap döwletleri ýaly Kataryň hem halkara gatnaşyklarynda örän jogapkärli we uly geljegi bolan hyzmatdaşyň abraýyny gazanan Türkmenistan bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Şunda Katar Döwletiniň Premer-ministriniň orunbasary, energetika we senagat ministri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan oňyn özgertmeler we reformalar syýasatynyň ornuny nygtady, şonuň netijesinde ýurtda amatly maýa goýum ýagdaýy we netijeli ykdysady hyzmatdaşlyk üçin ähli şertler döredildi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen Lideri we Kataryň ýokary wezipeli wekili taraplaryň doly möçberli hyzmatdaşlygy ösdürmäge üýtgewsiz meýillerine hem-de ikitaraplaýyn hoşniýetli erk-islege esasalanýan däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň mundan

beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.  

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Ukraina tabyn bolan Krym Awtonom Respublikasynda 31-nji oktýabrda ýerli we umumy saýlawlar geçirler.

syrach

Yabancıların İkamet Başvurusunda Harç Ödemeleri Hakkında

turkmenhabargullugy

“Ermenistan Ýewrowideniýe 2012-den çekildi”

syrach