21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SPORT

Şa Serpaýy-Peder Ýolunyň Pellehanasy

Ykbal bu! Gülüp bakjak bolsa, sanlyja pursat hem ýeterlik. Ynha, Lebap atçylyk sport toplumynda düýn halypa çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen jemleýji at çapyşygyna Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndan hususy atşynas hökmünde gatnaşan Täçmyrat Töräýewe hem ykbal gülüp bakdy. Ol Daşoguz atçylyk sport toplumynyň Perhat atly gara dor aty bilen hormatly Prezidentimiziň adyndan goýlan baş baýraga — awtoulaga mynasyp boldy.
— Täçmyrat aga, ýeňiş gutly bolsun! Höwri kän bolsun!
— Sag bol, inim! Her kime şa serpaýy nesip etsin!
— Şa serpaýynyň şatlygy gözleriňizden hem görnüp dur welin, diliňizden eşitmek has ýakymly.
— Elbetde, begenjim tüýs ýürekden. Men ýedi ýaşymdan bäri atyňüstünde. Ata-babalarym atşynas. Ýöne şeýle uly baýraga ilkinji gezek mynasyp bolýaryn. Şonuňüçin hormatly Prezidentimize tükeniksiz alkyş aýdýaryn.
— Özüňiz barada-da gürrüň beräýseňiz!
— Men Daşoguz welaýatynyňAkdepe etrabynyň«Sazakly» daýhan birleşiginde ýaşaýaryn. Ýaşlykda uly-uly aýlawlarda çapyksuwarlyk etdim. Häzir hem hususy atşynaslyk bilen meşgullanýaryn. Şahsy hojalygymda üç at bar.
— Perhat — Daşoguz atçylyk sport toplumynyň aty, şeýlemi?
— Hawa. Meniňşu ýaryşa gatnaşmalydygym belli bolansoň, birnäçe wagtlap ony seýislemegi hem öz boýnuma aldym. Bu bolsa at bilen gowy öwrenişmäge mümkinçilik boldy.
— Ýaryşdan öň özüňiz nähili netijä garaşýardyňyz!
— Özüme-de ynanýardym welin, Perhada bolan ynamym has güýçlüdi. Çünki ol Daşoguz atçylyk sport toplumynyňiňnaýbaşy bedewleriniňbiri. Hawa, ol ynamymy hem ödedi. Ýaryşyňilkinji pursatlarynda öňe saýlandyk, şol öňdeligi hem tä pellehana çenli elden gidermän geldik.
— Tüweleme, ýeňişleriňiziň höwri kän bolsun! Şa serpaýy bilen ýene bir gezek gutlaýarys!
— Biziň şeýle ajaýyp döwürde ýaşamagymyzyňözi uly ýeňiş, uly bagt! Görýäňizmi, hormatly Prezidentimiz milli guwanjymyz — bedewlerimiziňşan-şöhratyny dünýä ýaýýar. Şeýle dabaraly baýramçylyk, onuňçägindäki ýakymly pursatlar başymyzy göge ýetirýär. Şonuňüçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Baýramçylyk at çapyşygynda ýeňiji bolan ähli ýaş çapyksuwarlary hem tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Çeşme: http://metbugat.gov.tm/

Degişli makalalar

Moskwada Hökümetara Türkmen-Russiýa Toparynyň Onunjy Mejlisinde Birnäçe Resminamalara Gol Çekildi

Türkmenistanda Awstriýa Respublikasynyň Ilçisi Bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Premýer Ministrini Gutlady