21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Türkmen Bedewiniň Baýramyna-Täsin Tomaşalar

Halkymyza «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» ýaly gymmatly kitaplary peşgeş beren hormatly Prezidentimiziň kalby behişdi bedewlerimize bolan buýsanja we söýgä ýugrulandyr. Pähim-paýhasa, çuňňur many-mazmuna eýe bolan bu ajaýyp eserler «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary üçin hem ruhy gymmatlykdyr, gollanmadyr.

«Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda şatlyk-şowhuna beslenip bellenilýän türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary hem öz döredijilik sowgatlaryny – täsin sirk tomaşalaryny, ajaýyp baýramçylyk şowhunyny taýýarladylar. 2020-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň döwlet sirkinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýörite baýramçylyk çykyşlary görkezildi. Türkmenistanyň döwlet sirkiniň manežinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar, «Türkmen jigitleri» döredijilik toparlarynyň çykyşlary guralyp, onda hem ähli döwürlerde, ähli eýýamlarda türkmeniň myrady, uçar ganaty bolan ahalteke bedewleriniň waspy bu dabaranyň içinden eriş-argaç bolup geçdi.

Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanyp taýýarlanan çykyşlarda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň jigitleriniň we gyzlarynyň örän hüşgärligi, batyrgaýlygy hem-de ezberligi talap edýän inçeden çylşyrymly milli at üstündäki oýunlary tomaşaçylary haýrana goýýar. Sirk çykyşlaryna uýgunlaşan bedewleriň şowhunly çykyşlary üstünliklere beslenýär. Türkmen jigitleriniň at üstündäki batyrgaýlyk bilen ýerine ýetirýän tilsimleri, sungat derejesine göterilen kämil hereketleri, türkmen gyzlarynyň çykyşlary bilen utgaşyp gidýär. Aýratyn hem jigitler bilen gyzlaryň arasynda körpeje gyzjagazyň çykyşy, onyň at üstünde ezberlik bilen erk edip oturyşy, sirk tomaşalaryndaky çykyşlary has-da şowhunly edýär.

Sirk artistleriniň ýerine ýetirmeginde täsin şowhunly çykyşlary paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryny we onuň myhmanlaryny diýseň gyzyklandyrdy we olaryň elçarpyşmalary şatlyk-şowhuna beslendi.

Çeşme: https://medeniyet.gov.tm/

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Owadandepedäki Aýna Önümleri Kärhanasynda Täze Seh Gurlar

Döwlet Muzeýinde Aşgabat Şäheriniň Gününe Bagyşlanan Sergi Açyldy