21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
SAGLYK

Saglyk öýüniň açylyş dabarasy boldy

Lebap welaýatynyň Birata etrabynyň “Lebap” daýhan birleşiginde täze we döwrebap Saglyk öýüniň açylyş dabarasy bolup geçdi, bu bina “Lebapgurluşyk” önümçilik birleşiginiň etrapdaky düzümi tarapyndan “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň” çäklerinde guruldy.

Täze lukmançylyk edarasynyň açylmagy hakyky baýramçylyk çäresine öwrüldi. Binanyň öňünde baýdaklar, lentalar we howa şarlary bilen bezelen meýdançada welaýatyň we etrabyň häkimlikleriniň, Umumymilli “Galkynyş” hereketine girýän jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar, oba adamlary ýygnandylar.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa halkymyzyň saglygy we abadançylygy barada ýadawsyz alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýurdumyzyň has çetki obalarynda we şäherçelerinde hem döwrebap lukmançylyk edaralarynyň we durmuş ulgamyna degişli beýleki desgalaryň açylmagynyň, uly möçberli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýändigini bellediler. Çykyş edenler Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 20 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda welaýatyň beýelki etraplarynda-da oba saglyk öýlerini ulanmaga bermegiň göz öňünde tutulýandygyny aýtdylar.

Şu wakanyň şanyna aýdym-saz toparlary häzirki beýik özgertmeler eýýamynda gazanylanlary wasp edýän tanslardan we aýdymlardan ybarat bolan uly baýramçylyk konserti bilen çykyş etdiler. Dabaranyň çäklerinde has tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Oba Saglyk öýünde ýüz tutup gelenler üçin lukmançylyk taýdan göwnejaý hyzmat etmek, anyklaýyş we maslahat bermek üçin ähli şertler döredilipdir. Bu bina döwrebap lukmançylyk enjamlary we abzallary, şol sanda rentgen, ultrasesli anyklaýyş esbaplary, EKG bilen üpjün edildi. Bu ýerde hirurgiýa, terapiýa, stomatologiýa, ginekologiýa, fizioterapiýa, rentgen boýunça we beýleki iş otaglary, laboratoriýa bar, bular häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýär. Şeýle hem maşgala lukmanlary üçin iş otaglary we gündizki stasionar bar. Saglyk öýi özbaşdak durmuş ulgamy bilen üpjün edilendir, onuň daş-töweregi abadanlaşdyryldy we bagy-bossanlyga büreldi.

Dabara tamamlanandan soňra Saglyk öýüniň açylmagy mynasybetli hem-de ata Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlyk gazanmagynyň hatyrasyna we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna sadaka berildi. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanda Bütindünýä Saglyk Güni Bellenildi

turkmenhabargullugy

Uçara Hasaba Alynmak Üçin Täze Düzgünler

“Saglyk-2017” Halkara Sergisine Ýewropadan, Amerikadan, Aziýadan Kompaniýalaryň 245-si Gatnaşýar