04.05.2024
DÜNÝÄ

Türkmenistanda Gana Respublikasynyň ilçisi işläp ugrady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Gana Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Ahmed Muhammed Hassandan ynananç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy türkmen döwletiniň Baştutanynyň adyndan doly ygtyýarly ilçini bu jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de döwletleriň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we özara peýdaly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işinde üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.

Öz gezeginde diplomat bu ýakymly sözler üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Gana Respublikasynyň Prezidenti Jon Ewans Atta Millsiň mähirli salamyny we iň oňat arzuwlaryny ýetirdi. Jenap Ahmed Muhammed Hassan öz ýurdunda türkmen Lideriniň dünýäde durnuklylygyň we yzygiderli ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen netijeli we parahatçylyk dörediji syýasatyna ýokary baha berilýändigini hem-de häzirki wagtda Türkmenistanda bolup geçýän oňyn özgertmeleriň uly gyzyklanma bildirilip kabul edilýändigini belledi.

Duşuşygyň barşynda ilçi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän içeri we daşary syýasatynyň baş ugurlary, şeýle hem türkmen döwletiniň Baştutanynyň başlangyjy boýunça ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda amala aşyrylýan uly möçberli milli taslamalar we maksatnamalar bilen tanyşdyryldy. Duşuşykda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan demokratik özgertmeler bilen baglylykda, milli parlamentiň işi , onuň ähmiýeti we orny barada aýratyn gürrüň edildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar özara peýdaly hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşmagyň barşynda iki ýurduň geografiki taýdan bir-birinden uzakda ýerleşmeginiň Türkmenistanyň we Gana Respublikasynyň arasynda doly möçberli gatnaşyklary ýola goýmak üçin bökdençlik döretmeýändigini bellediler. Söwda-ykdysady ulgam, ýangyç-energetika toplumy, oba hojalygy, gumanitar ugur işjeň hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Doly ygtyýarly ilçi birek-birege düşünişilmegini we ynam bildirilmegini pugtalandyrmak, netijeli gepleşigi mundan beýläk-de giňeltmek maksady bilen, işewürlik maslahaty geçirmegi teklip etdi. Şeýle hem iki ýurduň arasynda parlamentara gatnaşyklary ýola goýmagyň zerurdygy bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda jenap Ahmed Muhammed Hassan ýakyn geljekde Türkmenistanyň we Gana Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň täze, özara bähbitlere we mümkinçiliklere laýyk gelýän derejä ýetiriljekdigine ynam bildirdi hem-de döwletara gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürmek üçin ähli tagallasyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

* * *

Şu gün Gana Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi, şonda iki taraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerine garaldy. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

BMG bilen howpsuzlyk hyzmatdaşlygy.

syrach

Nebit OPEC-iň Duşuşygyndaky Kesgitsizlik Sebäpli Arzanlamagyny Dowam Edýär

turkmenhabargullugy

Nazarbaýew: “Täze Pul Birligi Çykarylmaly”

syrach