15.9 C
Aşkabat
26.04.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SPORT

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

Halklaryň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, Türkmenistanda olimpiýa hereketini ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Türkmenistanyň Tennis federasiýasy hem-de Halkara Tennis federasiýasy bilen bilelikde Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 18-nji dekabrynda çykaran 1539-njy karary esasynda 2020-nji ýylyň 8-15-nji iýuny aralygynda geçirilmegi bellenen Tennis boýunça Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşynyň tapgyryny 2021-nji ýylyň 6-12-nji sentýabry aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherjiginiň Tennis toplumynda agzalan karara laýyklykda geçirmäge ygtyýar berildi.

***

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekip, bu ministrligiň merkezi edarasynyň gurluşyny tassyklady.

***

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekip, bu ministrligiň merkezi edarasynyň gurluşyny tassyklady.

***

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni hakyndaky Düzgünnama we onuň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.

Degişli makalalar

Ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy.

syrach

Ýurdumyzyň futbol çempionaty badalga aldy

syrach

Täze demir ýol menzili.

syrach