26.9 C
Aşkabat
03.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Seýdiniň NGIZ-de A-98 Kysymly Ýokary Oktanly Benziniň Düzüm Böleginiň Önümçiligi Ýola Goýuldy

Seýdiniň NGIZ-de A-98 Kysymly Ýokary Oktanly Benziniň Düzüm Böleginiň Önümçiligi Ýola Goýuldy

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda täze LCH-35-11/1000 katalitik riforming desgasy ulanyşa girizildi. Bu taslama Birleşen Arap Emirlikleriniň «WTL (FZE)» we ABŞ-nyň «Westport Trading Europe Limited» kompaniýalary tarapyndan amala aşyryldy.

Desganyň işinde başlangyç çig mal hökmünde 50-180ºS kysymly gönüleýin ýakylýan benzin ulanylar. Desganyň taslama kuwwaty ýylda 500 müň tonna barabardyr.

Täze desganyň kömegi bilen her ýylda A-98 kysymly ýokary oktanly benziniň 412 müň tonna düzüm bölegini, azyk senagatynda ulanylýan ekstrirlenen benziniň 25 müň tonnasyny, 15 müň tonna suwuklandyrylan gazy, peçlerde ulanylýan gazlaryň 23,5 müň tonnasyny, şeýle hem wodorod garylan gazyň 17 müň tonnasyny öndürmek meýilleşdirilýär.

Täze desgada öndürilýän A-98 kysymly ýokary oktanly benziniň düzüm bölegi Ýewro-5 standartlaryna laýyk gelýän А-95, А- 92 we А- 80 kysymly awtobenzinleri öndürmek üçin esas bolup hyzmat eder. Garaşylyşy ýaly, olaryň önümçiligi eýýäm şu aýdan başlanar.

Ýewro-5 standartlaryna laýyk gelýän awtomobil benzinini ulanmaklyk işlenen gazlaryň tüsse bölüjiligini azaltmaga we hereketlendirijiniň atmosfera zyňýan galyndylarynyň derejesini peseltmäge mümkinçilik berer.

Türkmenistanda benziniň we dizel ýangyjynyň önümçiligi olaryň ekologik görkezijileriniň hiliniň hemişe ýokarlanmagy bilen häsiýetlendirilýär. Bu bolsa ýangyç-çalgy materiallarynyň ulanyş häsiýetlerini ýokarlandyrmaga we awtomobil tehnikalarynyň ulanylyşynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär.

Degişli makalalar

Sazlaşyk-Üstünligiň Ganaty!

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga Gol Çekdi

syrach

Türkmen Mantysynyň Taýýarlanyşy

turkmenhabargullugy