15.9 C
Aşkabat
26.04.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Brent Kysymly Nebitiň Barreliniň Bahasy 2016-njy Ýylyň 30-njy Noýabryndan Bäri Birinji Gezek 51 Dollardan Aşak Düşdi

Brent Kysymly Nebitiň Barreliniň Bahasy 2016-njy Ýylyň 30-njy Noýabryndan Bäri Birinji Gezek 51 Dollardan Aşak Düşdi

Brent kysymly nebitiň maýdaky fýuçersleriniň bahasy Londondaky ICE biržasyndaky söwdalaryň barşynda 0,92 göterim aşak düşüp, barrel üçin 50,83 dollara barabar boldy. Bu barada söwda geleşikleriň maglumatlary şaýatlyk edýär, diýip ТАСС habar berýär.

ABŞ-nyň Energetika ministrliginiň ýurtda nebit ätiýaçlyklary baradaky hasabatyny neşir edenden soňra 8-nji martda nebitiň bahalary dessine aşaklap başlady. Netijede, edaranyň habar bermegine görä, ABŞ-nyň harytlyk nebitiniň ätiýaçlyklary 24-nji fewraldan 3-nji mart aralygyndaky hepdede 8,22 mln barrel artyp, çaklanylýan 1,97 mln barrel nebitden 528,40 mln barrel ýokarlandy. Doly bolmadyk iki günüň içinde Brent kysymly nebitiň maýdaky fýuçersleriniň bahasy 5 dollara çenli arzanlady.

OPEC 2016-njy ýylyň noýabrynda Wenada nebitiň çykarylyşyny oktýabrdaky derejeden günde 1,2 barrel azaldyp, 32,5 mln barrele çenli çäklendirmegi ylalaşdy. Şol gün Brent nebitiniň bahalary barrel üçin 3 dollardan hem gowrak ýokarlandy.

OPEC-e girmeýän 11 sany döwlet 10-njy dekabrda nebit çykarylyşyny jemi günde 558 müň barrele çenli, şol sanda Russiýa 300 müň barrel çäklendirmegi ylalaşdylar. Ylalaşyk 2017-nji ýylyň birinji ýarymýyllygy üçin baglaşyldy.

Degişli makalalar

“Ahal” Ýaryş Tertibiniň Öňbaşçysy

Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugynyň Balkan Welaýaty Boýunça Müdirliginiň Etrek Etrap Bölüminiň Täze Binasynyň we Gulluk Ýaşaýyş Jaýynyň Açylyş Dabarasy

Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlarynyň Guramaçylyk Komitetiniň Mejlisi Geçirildi

syrach