37.9 C
Aşkabat
15.06.2025
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

“Siziň Galkyndyrmaly Hem-de Üstünlik Gazanmaly Wagtyňyz Gelip Ýetdi!”

“Siziň Galkyndyrmaly Hem-de Üstünlik Gazanmaly Wagtyňyz Gelip Ýetdi!”

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda ýaryşjak Türgenler şäherçesinde geçirilen Topary resmi garşy alyş dabarasyna gatnaşanlarynda, olara halkyny buýsandyrmaga hem-de tutuş bir nesli ruhlandyrmaga mümkinçiligiň ýetip gelendigi barada türkmen türgenlerine ýüzlenildi.

13-nji sentýabrda, ýagny, çarşenbe güni türkmenistanly türgenleriň gatnaşmagynda Türgenler şäherçesinde ilkinji gezek geçirilen resmi garşy alyş dabarasynyň dowamynda türkmen milli baýdagy belende galdyryldy hem-de döwlet senasy ýaňlandy. Öňümizdäki günlerde 65 wekiliýetlerden gatnaşýan türgenleriň ählisi üçin şuňa meňzeş dabaralary geçirmek meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, türgenleriň özleriniň degişli baýdagynyň astynda dürli çykyşlar, türkmen milli tansy görkeziler.

Dabara Türgenler şäherçesinde ýerleşýän Jemgyýetçilik-medeni merkeziň öňündäki açyk meýdançada geçirildi. Ol ýerde heýkel derwezeler ýerleşdirilip, onda türkmen we iňlis dillerinde “Hoş geldiňiz V Aziýa oýunlaryna!” we “Welcome to 5th AIMAG” diýen ýazgy ýerleşdirilipdir. Oýunlaryň şekili bolan Wepalynyň heýkeli bolsa Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň (AOG) baýdagy bilen bilelikde şekillendirilipdir.

Bu dabara Türkmenistanyň bäş welaýatynyň alamaty bolan bäş dürli reňkli egin-eşikli tansçylaryň türkmen milli tansyny ýerine ýetirmegi bilen, sagat 17:17-de başlady. Aşgabat 2017 oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň agzalary dabara mynasybetli birek-birege ýadygärlik sowgatlaryny gowşurdy.

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiň başlygy Daýanç Gulgeldiýew türgenleriň öňündäki mümkinçilikleri barada belläp, şeýle diýdi:

“Türkmenistanyň sport hereketiniň agzasy hökmünde, şu gün ildeşlerimiziň öňünde çykyş etmek meniň üçin uly hormatdyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilýän Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň esasy maksady Aziýa we Okeaniýa halklaryny bir ýerde, ýagny sazlaşykly, dostlukly we parahatçylykly gurşawda jemlemekdir.

Türkmenistan şeýle ajaýyp sport baýramçylygyny geçirýän ýurt. Şol sebäpli hemmäniň ünsi sizde, ýagny Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň türgenlerinde bolar. Siziň öz ussatlygyňyzy görkezmeli pursadyňyz gelip ýetdi.

Öň men hem edil siz ýaly türgendim. Ýaryşa gatnaşyjylardan garaşylýan ynamy ödemegiň nähili uly jogapkärçilikdigi hemmä mälimdir. Emma bu ähliňiz üçin durmuşda berilýän ýeke-täk mümkinçilikdir!

Siziň galkyndyrmaly hem-de üstünlik gazanmaly wagtyňyz, Türkmenistany sportuň mekany hökmünde ykrar etmeli wagtyňyz gelip ýetdi.

Siziň wezipäňiz diňe ýaryş meýdançasynda üstünlik gazanmak bilen çäklenmeýär. Siziň her biriňiz Türkmenistanyň wekili hökmünde öňümizdäki iki hepdäniň dowamynda ýurdumyza geljek türgenleriň we topar wekilleriniň müňlerçesi bilen bilelikde agzybirlik gurşawyny döretmelisiňiz.

Uzakdan gelýän ýaryşa gatnaşyjylaryň köpüsi Aşgabat şäherine ilkinji gezek gelýär. Size tabşyrygym: olary dost ediniň we Aşgabat 2017-den diňe gowy ýatlamalar galmagyna ýardam beriň!

Şeýle hem, Aşgabat 2017-niň Türgenler şäherjiginden lezzet alyň! Bu çäre beýik halkymyzyň taryhyna girjek uly waka bolar. Siziň ähliňiz onda möhüm orun eýeleýärsiňiz. Siz biziň buýsanjymyz! Ussatlygyňyzy görkeziň! Geliň, “Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk” şygary bilen sport baýramçylygyny belläliň!”

Merkezi Aziýanyň taryhynda geçiriljek ilkinji uly göwrümli sport çäresinde ýaryşmak üçin Aziýanyň hem-de Okeaniýanyň 65 wekiliýetinden geljek 6000-den gowrak türgenler hem-de resmi wekiller, şol sanda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagy astynda ýaryşlara gatnaşýan bosgun topary hem ýaryşlara gatnaşmazdan öň şeýle mähir bilen garşy alnar.

Oýunlar 17-27-nji sentýabr aralygynda geçiriler. Oýunlaryň Açylyş dabarasy 17-nji sentýabrda, ýagny ýekşenbe güni geçiriler.

Degişli makalalar

«Halk Hakydasy»Ýadygärlik Toplumynyň Muzeýine Barýanlar Elektron Görkezijiniň Hyzmatyndan Peýdalanyp Bilerler

Täze Ýylyň Öňüsyrasynda Guralýan Baýramçylyk Konserti Özbegistan Respublikasynyň Halk Artisti Ozotbek Nazarbekowyň Çykyşlary Bilen Dowam Etdi

turkmenhabargullugy

Wahyd Orazsähedow Täjigistanyň Iň Netijeli Futbolçysy Bolarmy?