20.9 C
Aşkabat
25.04.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Jelilmuhammet Hojamyradow Bilen Myrat Gimmiýew Türkmenistanyň Adyndan Oýunlaryň Ilkinji Altyn Medalyny Gazanan Türgenler Boldy

Jelilmuhammet Hojamyradow Bilen Myrat Gimmiýew Türkmenistanyň Adyndan Oýunlaryň Ilkinji Altyn Medalyny Gazanan Türgenler Boldy

Sentýabr aýynyň 16-syna, şenbe güni erkekleriň arasynda geçirilen Jiu-jitsu “Duo klassik” ýaryşynda iň ýokary basgançagy eýelemek bagty Jelilmuhammet Hojamyradow we Myrat Gimmiýewe nesip etdi. Olar özleriniň bar güýjüni birleşdirip, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ilkinji altyn medalyny Türkmenistan watanymyza sowgat etdiler.

Jelilmuhammet Hojamyradow ata watanymyz üçin ilkinji altyn medaly eýeländigine örän begenýändigini we janköýerleriniň öňünde netijeli çykyşy görkezmek isländigini ýaryşdan soňky beren söhbetdeşliginde gürrüň berdi.

“Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ilkinji altyn medalyny eziz Türkmenistan watanyma sowgat etmek meniň durmuşymda diýseň tolgundyryjy we şatlykly pursatlaryň biri” diýip, Jelilmuhammet özüniň şatlygyny paýlaşdy.

Jelilmuhammetden ýeňişden soň başyndan nähili duýgulary geçirendigi hakynda sowal berlende, ol şeýle jogap berdi: “Şol wagt meniň ýeňşime buýsanyp oturan ene-atam hem-de öýde telewizoryň başynda çykyşymy görüp oturan jigilerim, galyberse-de meni goldap, janköýerlik edýän ähli türkmen halkym hem-de tomaşaçylar hakynda pikir etdim. Meniň gazanan ilkinji altyn medalym watandaşlarym üçin örän möhüm, sebäbi ähli türkmen halky telewizoryň başynda jem bolup, öz türgenleriniň ýeňmegi üçin janköýerlik edýärler”.

Jelilmuhammet Hojamyradowyň we Myrat Gimmiýewiň çykyşlary türkmen toparlary üçin ýaryşlaryň açylan ilkinji günündäki iň gowy ýaryşlaryň biridir. Oýunlara şu günden badalga berilen hem bolsa, türkmen türgenleri ýarym günüň dowamynda eýýäm 10 sany medaly gazanmagy başardylar.

Degişli makalalar

Üns Merkezinde Şaşka we Stol Üstünde Oýnalýan Tennisiň Ussatlary

syrach

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

Ýokary Tizlikli Aşgabat-Türkmenabat Awtomobil Ýolunyň Gurluşygyna Badalga Berildi

turkmenhabargullugy