30.9 C
Aşkabat
01.05.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SPORT

Söweş Sungatlarynyň Bütindünýä Oýunlarynyň Komiteti Türkmenistan Bilen Hyzmatdaşlyk Etmäge Gyzyklanma Bildirdi

Türkmenistanyň DIM-nde Söweş sungatlarynyň Bütindünýä oýunlarynyň Komitetiniň Baş sekretary Je Kyn Çoýuň baştutanlygyndaky Koreýa Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Taraplar ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmekdäki sportuň ähmiýeti barada belläp geçdiler. 2016-njy ýylda esaslandyrylan Söweş sungatlarynyň Bütindünýä oýunlarynyň Komiteti sport çärelerini we festiwallary, ilkinji nobatda Söweş sungaty boýunça Bütindünýä oýunlaryny geçirmek arkaly bu oýunlaryň ösdürilmegi ugrunda çykyş edýär.

2019-njy ýylda Koreýa Respublikasynyň Çhunju şäherinde geçirilen Söweş sungatlarynyň Bütindünýä oýunlarynda türkmen ýygyndy toparynyň birinji ýeri eýeländigi barada bellenildi. Myhmanlar soňky ýyllarda iri halkara sport çäreleriniň geçirilýän merkezi bolup durýan, Türkmenistanda sportuň ösdürilmegine ýokary baha berdiler. Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge ynam bildirip, Söweş sungatlarynyň Bütindünýä oýunlarynyň Komitetiniň wekiliýeti geljekde Söweş sungatlarynyň Bütindünýä oýunlaryny Türkmenistanda geçirmek boýunça teklibe seretdiler.

Degişli makalalar

Kakajan Aşyrowyň “Döwlet Guşy” Oýnunyň Tomaşaçysy Hemişe Ýetik

turkmenhabargullugy

Türkiýede Bilim Almak Üçin Resminamalaryň Terjime Hyzmat

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Polat Bilbil Ogluny Gutlady

turkmenhabargullugy