24.9 C
Aşkabat
25.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Ýokary Derejedäki Türkmen-Özbek Gepleşikleriniň Jemleri Boýunuça Ikitaraplaýyn Resminamalaryň Toplumyna Gol Çekildi

Ýokary Derejedäki Türkmen-Özbek Gepleşikleriniň Jemleri Boýunuça Ikitaraplaýyn Resminamalaryň Toplumyna Gol Çekildi

“Awaza” Kongresler merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gepleşikler tamamlanandan soň. ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Döwlet baştutanlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen «Uzbekenergo» paýdarlar jemgyýetiniň arasynda elektrik energiýasyny üstaşyr ibermek we geçirmek babatda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama; daşky gurşawy goramak we durnukly ösüş babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti bilen Özbegistan Respublikasynyň Ekologiýa we daşky gurşawy goramak baradaky döwlet komitetiniň arasynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti bilen Özbegistan Respublikasynyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hem-de özbek türgenleriniň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmagyny guramak hakynda Teswirnama; “Türkmennebit” döwlet konserni bilen “Uzbeknefitgaz” milli holding kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama; «Türkmenhowaýollary» gullugy bilen «Uzbekiston hawo ýullari» milli awiakompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.

Taraplar Aşgabat bilen Daşkent şäherleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak barada Ylalaşyk; Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty bilen Nizami adyndaky Daşkentiň döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyk baglaşdylar.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki ýurduň Liderleri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Degişli makalalar

V Aziada Taýýarlygyň Çäklerinde Haýwanlaryň Saglygyny Goramak Boýunça Bütindünýä Guramasynyň Bilermenleri Türkmenistana Geldiler

Türkmenistanyň Prezidentine Mähirli Gutlaglar

syrach

MAKSATMYRAT ŞAMYRADOW: «BIZ MUNY HÖKMAN BAŞARMALY»

turkmenhabargullugy