14.9 C
Aşkabat
18.05.2024
YLYM

Suwy Tygşytly Ulanmakda Dünýä Tejribesine Uly Goşantdyr

Türkmen döwleti tarapyndan amala aşyrylýan çölleşmäniň öňüni almaga, ekologiki taýdan howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen ekologiki ýörelgeleriň arasynda Garagumyň jümmüşinde gurulýan “Altyn asyr” türkmen köliniň uly göwrümli taslamasynyň uly ähmiýeti bardyr. Bu gidrotehniki taslamany daşary ýurtly alymlar ilatyň saglygy, daşky gurşaw barada döwlet tarapyndan uly alada edilýändigini, sur serişdelerini aýawly ulanmakda ajaýyp nusgadygyny bellediler. 

“Altyn asyr” türkmen köliniň we onuň Garagum çölüniň içinden geçýän esasy şahalarynyň gurluşyk işleriniň 1-nji tapgyry tamamlanandan soňra onuň ikinji tapgyry – köli biziň ýurdumyzyň kollektor-drenaž suwlarynyň bir bütewi suw ulgamyna birleşdirmek bolup durýar.Türkmenistanyň Suw hojalygy ministrliginiň Türkmen döwlet ylmy-önümçilik we taslama suw hojalygy institutynyň (“Türkmensuwylmytaslama”) işgärleri tarapyndan bäş ýyllyga niýetlenen ylmy-gözleg çäreleriniň maksatnamasy işlenilip taýýarlanyldy. 2014-nji ýylyň başyndan bäri Institutyň barlaghana we ylmy-gözleg bölüminiň altysynyň hünärmenleri umumy dokuz ugur boýunça toplumlaýyn işleri ýerine ýetirdiler. 

Alymlar öri hojalygyny, süýji suwda balykçylygy, maldarçylygy, galofit ösümçiliginiň hyzmatlaryň rekreasion ulgamyny, syýahatçylygy ösdürmek üçin köle degişli bolan mümkinçilikleri öwrenmegi gelejegi aýratyn uly gözlegler diýip hasap edýärler. 

Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň “Türkmensuwylymtaslama” Institutynyň direktory Georgiý Gurtöwezow alnyp barylýan ylmy-gözleg işleri barada şeýle gürrüň berýär: 

– Howanyň global maýlama fonunda arid howa we suw çeşmelerini netijeli dolandyrmagyň çäklendirmeler şertleri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu şertlerde alymlar kollektor-drenaž suwlaryny gaýtadan ulanmagyň dürli mümkinçiliklerine garadylar. Ylmy synaglary geçirmek, şeýle hem şora durnukly galofit ösümliklerini ösdürip ýetişdirmek üçin az minerallaşan kollektor-drenaž suwlaryny ulanmak bilen, şorlaşan ýerleri ýuwmagyň tehnologiýasyny işläp taýýarlamak boýunça synag meýdançalary döredildi. 

Agyz suwy, suw üpjünçiligi, maldarçylykda, şeýle hem bezeg gyrymsy agaçlary, oba hojalyk we iýimlik ekinlerini kombinirlenen damjalýyn usulda suwarmagy uly bolmadyk suw arassalaýjy enjamlary synamak boýunça gözlegleri geçirmegiň uly ähmiýeti bardyr. 

Bu kollektorlaryň Garagumyň öri meýdanlaryny suwlandyrýandygy guwandyryjy ýagdaýdyr. Onuň netijesinde bolsa, Garagum çölüniň biologiki dürli-dürliligi we ekologiki ýagdaýy gowlanýar. Mundan hem başga, Baş akabanyň zolagynda özleşdirmäge ýaramly ýerleriň bolmagy suw serişdelerini netijeli peýdalanmak boýunça täze ylmy çözgütleri, ýagny suwarmagyň suw tygşytlaýjy innowasion tehnologiýalary, meselem, damjalaýyn we ýagyş görnüşinde suwarmak, bilen bir hatarda kollektor suwlaryny peýdalanmak meselelerini gözlemäge mümkinçilik berýär. 

Barlaghanalaryň biriniň işgärleri peýdalanmagyň ekologiki taýdan howpsuzlygy üçin teklipnamalary işläp taýýarlamak maksady bilen, Türkmen kölüniň we onuň baş akabalarynyň dürli ýerlerinde suwuň hilini kesgitlemek meseleleri bilen meşgullandylar. Bu geçirilen işleriň netijeleri şora garşy durnukly oba hojalyk ekinlerini suwarmagyň düzgüni boýunça teklipleri bermek bolup durýar. Bu bolsa, öz nobatynda, kölüň akabalar zolagynda tarp ýerleri özleşdirmekde goldaw bolar. 

Agyz suwunyň we energetiki kommunikasiýalaryň ýok ýerinde täze ýerleri özleşdirmek örän çylşyrymly iş bolup durýar. Sebäbi bu ýerde çalşyklaýyn ýaşaýan we ilatly nokatdan uzaklarda işleýän geologlara we energetiklere, ýol gurluşykçylaryna we nebitçilere arassa agyz suwy hökmany ýagdaýda gerek bolup durýar. Suw çöllügiň ilkinji sapar gök zolaga bürelýän ýerlerini suwarmak üçin hem gerek bolup durýar. Şonuň üçin hem, hut şular ýaly şertlerde ulanylyp bilinjek uly bolmadyk suw arassalaýjy enjamlar esasynda suwy arassalmak wezipesi Institutyň ylmy gözlegleriniň möhüm meseleleriniň biri bolup durýar. 

Suw arassalýjy enjamlar hem merkezleşdirilen elektrik üpjünçiligine, hem göçme generatorlara, şeýle hem gün batareýalaryna birikdirilip biliner. Şular ýaly suw arassalaýjy enjamlar barlaghana synaglaryndan geçirildi. Häzirki wagtda olary meýdan şertlerinde synagdan geçirmäge, şeýle hem olary uzakda ýerleşýän sebitlerde ulanmak boýunça teklipleri işläp taýýarlamaga taýýarlyk görülýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanan “2015-2020-nji ýyllarda Türkmenistanda suw serişdelerini netijeli peýdalanmak we Garagum derýasynyň suw geçirijilik mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça maksatnamany” amala aşyrmak babatda Institutyň öňünde uly we möhüm meseleler durýar. Bu maksatnama 1100 kilometr bölekde – Garagum derýasynyň baş gatlasyndan başlap Balkan welaýatynyň Bereket şäherine çenli bar bolan suw desgalarynyň durkuny täzelemegi we täze gidrotehniki desgalary gurmagy, şeýle hem suwy sazlaýjy we gämi geçiriji desgalar, sil suwlaryny geçiriji we gidrotehniki desgalary boýunça taslama-gözleg işlerini göz öňünde tutýar. Mundan hem başga, institutyň hünärmenleri Garagum derýasynda suwy ölçeýän nokatly maglumatlary awtomatlaşdyrylan elektron usulda toplaýan bütewi dolandyryş merkezini döretmek barada bellenen çärelere hem gatnaşarlar.

Degişli makalalar

Gelejegi Uly Bolan Gatnaşyklar

syrach

“Ata Watan Eserleri” Bäsleşigi : Kitap Okamagyň Peýdalary

turkmenhabargullugy

Täze gymmatly piliň kelle süňki.

syrach