19.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SPORT

Tapgyryň Soňky Duşuşygynda “Ahal” “Energetikden” Üstün Çykdy

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 6-njy tapgyynyň jemleýji duşuşygynda “Ahal” topary öz meýdanynda Marynyň “Energetiginden” 2:0 hasabynda üstün çykdy.

Hojaahmet Arazowyň tälim berýänleri gazanan bu ýeňişlerinden soň toplan 15 utugy bilen ýaryş tertibinde birinji orna dolanmagy başardylar.

Ýaryş tertibinde ikinji, üçünji orunlary degişlilikde “Altyn Asyr” (12 utuk) hem-de “Aşgabat” (10 utuk) toparlary eýeleýärler.

Ýeri gelende bellesek, geçirilen duşuşyklardan soň netijeli urgularyň 6-syny geçiren Altymyrat Annadurdyýew (“Altyn Asyr”) bilen Elman Tagaýew iň köp top geçiren oýunçylaryň arasynda öňdäki orny eýeleýärler.

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 7-nji tapgyrynyň duşuşyklaryna 8-nji maýda “Köpetdag” – “Merw” toparlarynyň arasyndaky duşuşyk bilen badalga berler. 9-njy maýda bolsa “Nebitçi” – “Altyn Asyr”, “Energetik” – “Şagadam” hem-de “Aşgabat” – “Ahal” toparlarynyň arasyndaky duşuşyklar bilen dowam eder.

 

Geçirilen duşuşygyň netijesi:

 “Ahal” – “Energetik” – 2:0

Gollar: 17 Elman Tagaýew, 84 Gurban Annaýew (“Ahal”)

Geçirilen ýeri: “Aşgabat” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: A.Sapaýew (Daşoguz ş.)

Kömekçi eminler: M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.), A.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: W.Boluýans (Türkmenabat ş.)

Gözegçi emin: G.Öwezow (Aşgabat ş.)

Tomaşaçy sany: 300

 

Çempionatyň tablisasy:

T/b Toparlar O Ý D U T U
1. “AHAL” FK 6 5 0 1 11-2 15
2. “ALTYN ASYR” FK 6 3 3 0 11-5 12
3. “AŞGABAT” FK 6 3 1 2 8-7 10
4. “ŞAGADAM” FK 6 2 2 2 3-4 8
5. “KÖPETDAG” FK 6 2 2 2 3-3 8
6. “MERW” FK 6 2 0 4 3-7 6
7. “ENERGETIK” FK 6 1 2 3 3-6 5
8. “NEBITÇI” FK 6 1 0 5 4-12 3

Çeşme: http://tff.com.tm/

Degişli makalalar

Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Awazanyň Täze Sport Toplumynyň Gurluşygynyň Barşy Bilen Tanyşdy

Nebitçileriň Zähmet Üstünlikleri

turkmenhabargullugy