18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
DURMUŞ

Täze döwrebap serhet galasy açyldy

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda täze serhet galasywnyň açylyş dabarasy boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň harby gullukçylaryň gullugy we ýaşaýşy üçin halkara derejelerine laýyk gelýän häzirki zaman şertleriniň döredilmegini ileri tutýan harby özgertmelerini durmuşa geçirmegiň barşynda gurlan täze serhet galasy Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň düzümine goşulan nobatdaky desgadyr.

Täze serhet galasynyň ulanmaga berilmegine bagyşlanan dabara gatnaşyjylar – serkerdeler, serhetçi esgerler, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we köp sanly myhmanlar ýurdumyzyň goranyş kuwwatyny pugtalandyrmak, serhetçileriň gulluk we ýaşaýyş üçin oňaýly şertleri döretmek babatda ýadawsyz alada edýän Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaraglu Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gürbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Harby gullukçylar mähriban Watanymyzyň mukaddes Döwlet serhetlerini goramagy özleri üçin uly borç hasaplaýandyklaryny we bu işi birkemsiz berjaý etjekdikleri barada aýtdylar.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly,ýurdumyzyň harby güýçleri Watanymyzyň howpsuzlygyny üpjün etmegi, parahatçylygy pugtalandyrmagy, mukaddes serhetlerimiziň eldegirilmisizligini, raýatlaryň döredijilikli zähmetini goramagy maksat edinýär. Çünki Türkmenistanyň Harby doktrinasy goranyş häsiýetine eýedir. Türkmenistan täze Galkynyş eýýamynda, bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we özara peýdaly hyzmatdaşlyk esaslaryna daýanýan daşary syýasaty ýöretmek bilen, parahatçylygy we durnuklylygy goramak üçin yzygiderli tagallalary durmuşa geçirýär we sebitde parahatçylyk dörediji merkeze öwrüldi.

Dabarada ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlar şu günki waka baýramçylyk öwüşgünini çaýdy. Aýdym-saz toparlarynyň çykyşlarynda mähriban Watanymyza bolan söýgi beýan edildi.

Daşoguz welaýatynyň 2-nji gurluşyk-gurnama müdirliginiň hünärmenleriniň bina eden döwrebap serhet galasynyň desgalar toplumynda gulluk we ýaşaýyş ähmiýetli, şeýle hem edara ediş jaýy, ýatakhana we beýleki binalar bar. Bu ýerde serhetçi itleri saklamak üçin ýöriteleşdirilen jaýlar gurlupdyr. Itler hem serhetçiler bilen bilelikde gije-gündiziň dowamynda gözegçiligi alyp barýarlar. Iň häzirki zaman tehniki üpjünçiligiň bardygyna garamazdan mukaddes serhetleri goramakda serhetçi itleriň ähmieti örän uludyr.

Dabara gatnaşyjylar serhet galasynyň şu ýerde gurlan ýaşaýyş jaýlaryna baryp gördüler. Olarda kadaly dynç almak we serhetçileriň durmuşy üçin oňaýly şertler döredilipdir. Täze desga ýurdumyzyň serhetýaka düzüminiň üstüni ýetirdi. Ol ýokary derejede döwrebaplaşdyrylypdyr we ol ýerde ähli amatlyklar döredilipdir.

Birkemsiz enjamlaşdyrylan serhet galasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ugurda alyp barýan özgertmeler maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasy bolup durýar. Döwlet Baştutany Türkmenistanyň serhetleriniň hoşniýetli dostlar we goňşular üçin elmydama açyk bolmagy üçin döwletiň ähli zerur çäreleri görjekdigini, haçan-da neşe serişdeleriniň, ýaragyň bikanun geçirilmegi we ýurduň howpsuzlygy barada gürrüň gidende serhetleriň eldegirmesizligini we ygtybarly goralmagyny üpjün etjekdigini belleýär.

Bu ýerde şanly wakanyň, Watanymyzyň abadançylygynyň hatyrasyna we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna sadaka berildi. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisinde 2017-nji Ýylyň Ähmiýetli Wakalarynyň Üstünde Durlup Geçildi

turkmenhabargullugy

Döwlet Muzeýinde Ýylyň Şygaryna Bagyşlanan Sergi Açyldy

turkmenhabargullugy

BMG-niň we Türkmenistanyň Pudak Edaralarynyň Wekilleriniň Özarahereketleriň Derwaýys Meseleleri Boýunça Duşuşygy Geçirildi