19.9 C
Aşkabat
03.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Telekeçiler Azyk Bolçulygyny Döretmäge Goşant Goşýarlar

Telekeçiler Azyk Bolçulygyny Döretmäge Goşant Goşýarlar

S.A.Nyýazow adyndaky etrapdan telekeçi U.Allaýarow J.Hudaýbergenow adyndaky daýhan birleşiginden ýyladyşhana üçin iki gektar hasylly ýeri uzak möhletleýin kärendesine aldy. Şu wagt onuň köp bölegine ýerli howa şertlerine uýgunlaşan hyýardyr pomidoryň dürli görnüşleri ekildi, galan ýerinde gurluşyk işleri dowam edýär. Gök-önümleri ýetişdirmekde döwrebap tilsimatlar we ýöriteleşdirilen enjamlary ulanylýar. Ýyladyşhana özbaşdak ýyladyş we suwaryş ulgamy bilen üpjün edilen. Onuň suduryny ýapyp duran ýörite plýonka Gün şöhlesini we çyglylygy saklaýar. Täze önümçiligiň welaýat merkezine golaýlylygy witaminlere baý ekinlere ýokary isleg onuň düşewüntliligini artdyrar.

Telekeçiler we senagatçylar daşary ýurtlardan getirilýän önümleri özümizde öndürmek boýunça milli strategiýany amala aşyrmaga işjeň gatnaşýarlar, olar üçin döwlet tarapyndan amatly ykdysady şertler döredilendir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň telekeçiligi goldamak boýunça alyp barýan syýasaty netijesinde orta we kiçi biznesiň wekilleri welaýatlaryň ählisinde maldarçylykdyr ekerançylyk önümlerini öndürmek hem-de gaýtadan işlemek, azyk senagaty boýunça dürli binalary gurýarlar. Diňe Daşoguz welaýatynda olar gara mallary saklamak üçin iri we kiçi maldarçylyk fermalaryny, et we süýt önümlerini, üwmeç-konserwa kärhanalaryny, uly we kiçi ýyladyşhanalary gurarlar. Agrosenagat pudagynda ýerli telekeçilere giň ýol açylmagy diňe bir oba hojalygyny çalt depginlerde ösdürmäge mümkinçilik bermän, eýsem sebitlerde ýüzlerçe täze iş orunlaryny döretmäge-de mümkinçilik berer.

Degişli makalalar

Döwlet Eýeçiligindäki Kärhanalary Hususylaşdyrmagyň Oňyn Netijeleri

Sazyň güýjünden ruhlanyp.

syrach

«Rysgal» PTB Internet-Banking we Elektron Gapjyk Hyzmatlaryny Ornaşdyrýar