19.9 C
Aşkabat
05.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

(TENDER) Mitro International Limited Kompaniýasy Bäsleşik Yglan Edýär

(TENDER) Mitro International Limited Kompaniýasy Bäsleşik Yglan Edýär

Bäsleşik 2017-nji ýylyň 24-njy Martyna (24.03.2017) çenli dowam eder.

«Hazar» Konsorsiumynyň Tender komissiýasy «Türkmennebit» Döwlet konserninden hem-de «Mitro International Limited» Kompaniýalaryndan ybarat bolan, öz işini önümleri paýlaşmak şertnamasynyň esasynda «Hazar» çäklerinde (Gündogar Çeleken ýatagy) amala aşyrýan «Hazar» Konsorsiumynyň adyndan Gündogar Çeleken ýatagyndaky «Hazar» şertnamalaýyn çägindäki doly enjamlaşdyrylan we gidrawliki lebýotkaly swabirlenen Sliklaýn (Slickline) desgalaryna nebitpromysel hyzmatlaryny bermek boýunça şu aşakdaky lot boýunça BÄSLEŞIK yglan edýär:

Lot№ 1 – Gündogar Çeleken ýatagyndaky «Hazar» şertnamalaýyn çägindäki doly enjamlaşdyrylan we gidrawliki lebýotkaly swabirlenen Sliklaýn (Slickline) desgalaryna nebitpromysel hyzmatlaryny bermek

«Hazar» konsorsiumynyň şu Bäsleşigine gatnaşmaga hem-de bäsleşigiň şertleri bilen tanyş bolmaga isleg bildirýänler şu BILDIRIŞ neşir edilenden soň ýokarda görkezilen senä çenli (ýerli wagt bilen 18-00-a çenli) şu aşakdakylary ýerine ýetirmelidir:

1. Bäsleşige gatnaşmak üçin töleg tölemeli.

Töleg möçberi ABŞ-nyň 250 (iki ýüz elli) dollary möçberde kesgitlenendir. Türkmenistanyň «Uglewodorod serişdeleri hakyndaky» Kanunyna laýyklykda GBS hasaba alynýan däldir.

Töleg rekwizitleri: MAÝTRO INTERNEÝŞNL LIMITED TURKMENISTAN kompaniýasynyň şahamçasy, hasap belgisi 232 030 002 201 849 001 69000

TÜRKMENDAŞARYYKDYSADYBANK salgyt kody 302 341 000 023 korhasap 211 018 401 101 001 0000 3000 МФО 390 101 201

SWIFT: SBFETM 22.

Bank harajatlary dalaşgäre degişlidir.

2. Bäsleşige gatnaşmak üçin dalaşgär ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly.

3. Bäsleşigiň şertlerini almaly (aşakda görkezilen salgylarda gowşurylýar). Bäsleşigiň şertlerini hem-de lotuň häsiýetnamasyny almak üçin hökmany suratda bäsleşige gatnaşmak üçin töleg tölenendigini tassyklaýan resminama, kompaniýanyň wekiliniň hukuklaryny tassyklaýan resminama, ýazmaça arza tabşyrylmalydyr.

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler goşmaça maglumat almak üçin şu salgylara ýüz tutup bilerler:

1. 744000 Aşgabat ş., Türkmenistan, Andalyp 50/1, 3-nji gat.

«Mitro International Limited» Kompaniýasynyň wekilligi.

Üns beriň: wekilligiň referenti:

tel.: + 993 12 45 60 95 faks: + 993 12 45 60 96

e-mail: asbmitro@asb.mitro-int.com. asbmitro@mitromos.com

2. 109147 RF, Moskwa, Marksistskaýa köç. jaý 14/16 1-nji bina

«Mitro International Limited» Kompaniýasyny Moskwadaky wekilligi

Üns beriň: daşary kooperasiýa toparynyň direktory:

tel.: + 7 495 788 55 60 faks: + 7 495 748 32 31 e-mail: mitro13@mitromos.com

Bäsleşik boýunça teklipler görkezilen senä çenli zerur resminamalar tabşyrylan ýagdaýynda seljeriljekdir.

«Hazar» Konsorsiumynyň Tender komissiýasy

Degişli makalalar

Hazar Sebiti-Hyzmatdaşlygyň Çäkleridir

syrach

Üstünlik-Bu Özüňe Ynanmakdyr!

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi