04.05.2024
DURMUŞ

Tokio Uniwersitetinde Maslahat we Sergi Geçirildi

2015-nji ýyly “Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly” diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 20 ýyllygy mynasybetli, 2015-nji ýylyň 2-nji iýunynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasy tarapyndan we Ýaponiýanyň öňde baryjy Tokio Uniwersitetiniň ýardam bermeginde, şol Uniwersitetde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi G.Elýasowyň “Turkmenistan Garaşsyz, Baky Bitarap Döwletdir” atly çykyşy hem-de medeni çäre geçirildi.

Ilki bilen bu ýerde Uniwersitetiň ýolbaşçylary we professorlary bilen Ilçi G.Elýasowyň bilim ulgamyna degişli ikitaraplaýyn duşuşyklary we gepleşikleri geçirildi. Ondan soň bu Uniwersitetiň “Komaba” muzeýi bilen giňişleýin tanşyldy.

Soňra Türkmenistanyň Ilçihanasy tarapyndan gurnalan sergi bilen tanyşlyk boldy. Bu sergide, türkmen bedewleriniň, milli taryhymyzyň, Aşgabat şäheriniň, sport we syýahatçylyk baradaky fotosuratlar, nepis haly önümleri, türkmeniň milli şaý-sepleri hem-de Turkmenistan baradaky kitaplar we wideorolikler görkezildi. Sergä gatnaşan myhmanlara türkmeniň milli tagamlary hödürlendi. 

Bu çärede Tokio uniwersitetiniň ýolbaşçylary, professorlary we talyplary Türkmenistanyň Bitaraplygy barada çykyş etdiler. Maslahatyň soňunda Tokio Uniwersitetiniň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde türkmen tansy görkezildi. 

Degişli makalalar

Gadymy Jeýhunyň Kenarynda

Türkmenistanda Belarusuň Medeniýet Günleri Geçirildi

syrach

General Electric

syrach