22.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Türkmenistanyň Nebiti, Gazy we Mineral Serişdeleri Žurnalynyň Nobatdaky Sany Çap Edildi

Türkmenistanyň Nebiti, Gazy we Mineral Serişdeleri Žurnalynyň Nobatdaky Sany Çap Edildi

«Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» jemgyýetçilik-syýasy we ylmy-publisistik žurnalynyň nobatdaky sany — 2016-njy ýylda dördünji sany çapdan çykdy.

Neşiriň täze sanynyň ilkinji sahypalary Türkmenistanyň Prezidentiniň 8-nji noýabrda Malaýziýa amala aşyran resmi saparyna bagyşlanýar. Neşirde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Najib Razakyň arasynda geçirilen gepleşikler barada aýdylýar. Hususan-da, iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň uly geljeginiň barlygy we dürli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge giň mümkinçilikleriň barlygy nygtalýar. Materialda şeýle hem bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti we Malaýziýanyň Premýer-ministri ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler. Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Petronas» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşmagy muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Žurnalyň aýratyn makalasy 7-9-njy dekabrda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2016» halkara maslahatynda we onuň çäklerinde geçirilýän sergä bagyşlanýar. Makalada geçiriljek forumyň maksatlary barada aýdylýar. Şol maksatlar ýurdumyzyň energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerini mundan beýläk hem giňeltmäge we dünýä jemgyýetçiligini Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir.

«Türkmenistanyň energetika syýasaty: wezipeler we mümkinçilikler» materialda milli ykdysadyýeti ösdürmegiň möhüm çeşmesi hökmünde nebitgaz önümçiligi barada gürrüň edilýär. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň iri nebitgaz taslamalarynyň, şol sanda hereket edýän Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý gaz geçirijisiniň we gurluşygy başlanan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň mümkinçilikleri we geljegi seljerilýär.

«Türkmenistanyň gazy gaýtadan işleýän senagatyny ösdürmegiň strategiýasy» atly makala ýurduň gaz senagatyndaky we gazy gaýtadan işlemek boýunça alnyp barylýan ylmy-taslama hem-de önümçilik işlerindäki innowasion özgertmeler bilen tanyşdyrýar. Hususan-da, «Galkynyş» käninde tebigy gazy deslapky gaýtadan işlemäge niýetlenilip gurlan täze zawodlar barada gürrüň edilýär. Şeýle hem makalada gazy gaýtadan işlemegiň tapgyrlary beýan edilýär.

Žurnalyň aýratyn alnan makalasynda Türkmenistanyň tebigy serişdeleri barada aýdylýar. Hususan-da, ýurdumyzyň geljegi uly gaz känleri barada jikme-jik gürrüň berilýär.

Neşiriň bu sanynda şeýle hem ýurdumyzyň jümmüşindäki nebitiň we gazyň heniz barlanylmadyk ätiýaçlyklary, şeýle hem gazy çykarmagyň we taýýarlamagyň tehnologik düzgünleri barada makala bar.

Degişli makalalar

Sosial Ulgamlarymyza Goşulyň!

turkmenhabargullugy

Dünýäniň ýaş çempiony Watan goragçylarynyň myhmany.

syrach

Rumyniýanyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi saparyna.

syrach