26.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

«Türkmen Alabaý» Merkezi açyldy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen alabaýlarynyň şan-şöhraty barha dabaralanýar. Ýurdumyzda giňden bellenilen Watan goragçylarynyň gününde Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň «Türkmen alabaý» tohumly itleri köpeldiş we kämilleşdiriş merkeziniň täze binalar toplumynyň dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berilmegi munuň nobatdaky subutnamasydyr.

Mälim bolşy ýaly, türkmen alabaýy halkymyzyň mukaddes öý-ojagynyň ýa-da sürüsiniň wepaly goragçysy hökmünde ulanylman, olar Watan goragynda hem giňden peýdalanylýar. Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň alyp barýan işlerinde alabaý itleriniň ähmiýetini hiç bir zat deňäp bolmaýar. Olar serhetçiler bilen gije-gündiz serhet tabşyryklaryna gatnap, Watanymyzyň serhediniň goragyny üpjün etmekde, gümrük nokatlarynda we Ýaragly Güýçlerimiziň harby bölümleriniň garawula gatnaýan şahsy düzümine garawul gullugyny alyp barmakda ýakyn ýardamçydyrlar. Umuman, alabaý itleri merdana Watan goragçylarymyza köptaraplaýyn wepaly kömekçi bolup hyzmat edýär. Hut şonuň üçin-de, türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek babatynda uly aladalar edilýär.

Täze merkeziň açylmagy merdana ýurt goragçylaryna baýramçylyk sowgady boldy. Merkeziň açylyş dabarasynyň dowamynda Watanymyza şöhrat getiren alabaýlaryň hem-de olaryň esbaplarynyň görkezme sergisi guraldy. Sergide hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň merdana serhetçilere sowgat beren 7 sany türkmen alabaý itleri hem görkezildi. Olar degişli tälimleri geçip, häzirki wagtda döwlet serhedimiziň goragynda netijeli peýdalanylýar.

Merkeziň gurluşy barada aýdylanda, onuň weterinariýa binasynda alabaý itlerine lukmançylyk hyzmatlary edilse, köpeldiş, uly we ýaş itleriň toplumlarynda, şeýle-de beýleki binalarynda alabaý itleriniň naýbaşy görnüşlerini saklamak, köpeltmek, ýetişdirmek, türgenleşdirmek üçin zerur şertler göz öňünde tutulypdyr. Şeýle-de, binalar toplumynyň düzüminde sport we itler üçin gezim meýdançalary, hojalyk maksatly binalar toplumy, okuw binasy we beýleki maksatly binalar hereket edýär.

Täze toplum serhet gullugynyň gurluşykçylary tarapyndan ata-babalarymyzdan gelýän milli binagärlik ýörelgelerimiz esasynda bina edilipdir. Açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparynyň görkezen çykyşlary hem täsirli boldy.

Hawa, bu günki gün hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz aladalary bilen türkmen alabaýlarynyň sarpasy belende göterilýär. Bu bolsa mähriban halkymyz bilen bir hatarda, ýurt goragçylarynyň hem buýsançly başyny göge ýetirýär.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Medeniýet Günleri

syrach

Atavatan Türkmenistan Web Saýty Täzelendi

syrach

Bilýard Boýunça Aşgabat Şäheriniň Birinjiligi Geçiriler