19.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SPORT

Türkmen Basketbolçylary Altyn we Kümüş Medallara Mynasyp Boldular

Türkmen Basketbolçylary Altyn we Kümüş Medallara Mynasyp Boldular

Biziň basketbolçylarymyz Gollandiýanyň Eýndhowen şäherinde 3х3 görnüşinde geçirilen iri halkara ýaryşynda uly üstünlik gazanyp, türkmenistanly sport söýüjileriň ählisine ajaýyp Täze ýyl sowgadyny taýýarladylar: ýurdumyzyň zenanlar ýygyndy topary altyn medallara, erkekler topary bolsa kümüş medallara eýe boldular.

Ýaryşlaryň ýeňijileri jemleýji oýna barýan ýolda dürli ýurtlardan bolan bäş topary baýraklar ugrunda bäsleşiklerden çykmaga mejbur etdiler hem-de aýgytlaýjy oýunda ýer eýeleri – “Pendragodinnen” toparynyň oýunçylary bilen duşuşdylar. Çekeleşikli göreşde türkmen türgen gyzlary bäsdeşlerini 15:10 hasabynda ýeňmegi başardylar.

Erkekleriň arasynda geçirilen deslapky bäsleşiklerde biziň basketbolçylarymyz dört duşuşykda ýeňiş gazanyp, finala çykdylar. Finalda Türkmenistanyň topary Germaniýanyň “Squad streetball” topary bilen duşuşdy. Netijede Germaniýaly türgenler bäsdeşlerinden 20:15 hasabynda üstün çykyp, altyn medala mynasyp boldular.

Mälim bolşy ýaly, basketbolyň 3х3 görnüşi Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýär. Şu nukdaýnazardan Gollandiýada geçirilen ýaryş biziň türgenlerimiz üçin geljek ýylyň sentýabr aýynda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginde geçiriljek yklym derejeli ýaryşlara taýýarlyk görmegiň möhüm tapgyry boldy.

Bu ýeňiş türkmenistanlylaryň şu ýyl halkara derejesinde gazanan ilkinji üstünligi däldir. Noýabr aýynda Aşgabatdaky Aziada-2017-niň geçiriljek basketbol meýdançasynda Türkiýäniň, Eýranyň, Azerbaýjanyň, Russiýanyň we beýleki ýurtlaryň güýçli toparlarynyň gatnaşmagynda ýaryşlar geçirildi. Şonda ýer eýeleriniň erkekler we zenanlar ýygyndy topary birinji orunlary eýelediler.

Häzirki wagtda türgenlerimiz birnäçe nobatdaky halkara ýaryşlaryna, şeýle hem okuw türgenleşiklerini geçmäge taýýarlyk görýärler. Geljek ýylyň ýazynda Aşgabatda Türkmenistanyň çempionaty we ýurdumyzyň Kubogy ugrunda ýaryşlar geçiriler. Olaryň netijeleri boýunça Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmak üçin milli ýygyndy toparyň gutarnykly düzümi kesgitleniler.

Degişli makalalar

Agry Ibrahim Çeçen Uniwersitetinde Dabaraly Çäre Geçirildi Fotosuratlary

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

syrach

Awazanyñ turizm jenneti bolmagy maksat edinilýär.

syrach