19.9 C
Aşkabat
03.05.2024
SPORT

Türkmen boksçulary Olimpiada-2012-ä gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Türkmen boksçylary Serdar Hudaýberdiýew we Nursähet Pazzyýew ХХХ tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazandylar, bu oýunlar üstümizdäki ýyl Londonda geçiriler. Olar bu üstünlige Gazagystanyň paýtagtynda şu günler geçirilýän Aziýa ýaryşynda mynasyp boldular.

S.Hudaýberdiýewiň çykyş edýän 64 kilograma çenli agram derejesinde Olimpiada 2012-ä ýollanmalaryň dördüsi ugrunda boksçularyň 18-si bäsleşýärler. Olimpia ýollanmalaryň ýene-de dördüsi ugrunda N.Pazzyýewiň 75 kilograma çenli agram derejesinde türgenleriň 16-sy güýç synanyşýarlar.

S.Hudaýberdiýew birinji duşuşygynda pakistanly boksçyny 21:6 hasaby bilen, çärýek finalda bolsa gyrgyz türgenini ýeňmegi başardy we bürünç medala mynasyp boldy. Bu duşuşykda Olimpiada-2012-ä ýollanma ugrunda güýç synanyşyldy.

Şeýle sylaga eýýäm ikinji olimpiýa ýollanmasynyň eýesi N.Pazzyýew hem bil baglap biler. Ol häzirki üstünlige tarap ýolda birinji duşuşygynda Eýran Yslam Respublikasynyň toparynyň wekilini 18:7 hasaby bilen ýeňdi, ýarym finala çykmak üçin tutluşykda bolsa yrakly türgeni ýeňdi. Ýarym final duşuşyklar 11-nji aprelde geçiriler.

Biziň boksçularymyzyň ikisi hem Milli sport we syýahatçylyk institutynda okaýarlar 2010-njy ýylda Guançžouda geçirilen Aziýa oýunlarynda alaw estafetasyna gatnaşan S.Hudaýberdiýew 2009-njy ýylda Juhaýda (Hytaý) Aziýa çempionatynda altyn medala mynasyp boldy, soňra bolsa ýurdumyzyň sportunyň taryhynda ilkinji gezek Milanda (Italiýa) geçirilen dünýä çempionatynda 60 kilograma çenli agram derejesinde dünýäniň güýçli boksçularynyň sekizligine girdi. N.Pazzyýew bolsa 2010-njy ýylda Singapurda geçirilen ýetginjekleriň birinji Bütindünýä olimpia oýunlarynda bürünç medala eýe boldy. Ynha, indi boksçularyň ikisi hem ilkinji gezek Olimpia oýunlaryna gatnaşarlar.

Türkmen boksçularynyň gazanan olimpia ýollanmalary 2012-nji ýylda Londonda geçiriljek Olimpiadada biziň türgenlerimiziň sanyny dokuz adama çenli artdyrdy. Boksdan başga-da, Türkmenistanyň türgenleri Londonda geçiriljek oýunlarda agyr atletika, dzýudo, ýeňil atletika we suwda ýüzmek boýunça ýaryşlara gatnaşarlar. Türkmenistanyň olimpia toparynyň gutarnykly düzümi ähli saýlama ýaryşlary tamamlanandan soň mälim bolar.

2012-nji ýylyň Olimpia oýunlaryna türkmen türgenleriniň ýollanmalaryň nobatdaky ikisini ýurdumyzda sport ussatlygynyň, gujurlylygyň we çeýeligiň baýramçylygy hökmünde giňden bellenilip geçilen Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň jemleýji güni gazanmagy has-da guwançlydyr.

Şeýle ajaýyp baýramçylyk bolsa köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeler sportuny ösdürmegi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri hökmünde yglan eden milletiň Lideriniň başlangyjy netijesinde mümkin boldy.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Awtoýaryş Boýunça Dünýäniň Kubogy Ugrundaky Ýaryşda Gazanylan Bürünç Medal

Faina Zaripowa konkura gatnaşýan ýeke-täk gyzdyr

syrach

Özbegistanda sport festiwaly geçirildi.

syrach