18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
SAGLYK

Türkmen daglary belentliklere çykmaga çagyrýarlar

Dynç güni ir säher bilen Marköw daglarynyň etekleri köp adamly boldy. Sebäbi bu ýerde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň hakyky baýramy, ýagny deňiz derejesinden 1530 metr beýiklikde ýerleşýän Marköw dagynyň belentliklerine çykmaklyk çäresi geçirildi. Bu daga çykmaklygyň özi bedeniňi sagdyn saklamaklyk üçin ussat alpinistlere hem gyzykly bolşy ýaly , türkmen daglarynyň gözellikleri bilen ýaňy tanşyp başlanlar üçin hem gyzyklydyr. 

Türkmenistanda gaýa çykmaklygy we dag syýahatçylygyny wagyz edýän „Agama“ alpinizm kluby, Türkmenistanyň sport we syýahatçylyk boýunça döwlet komiteti we paýtagtyň Arçabil etrap häkimligi bu çäräniň gurnaýjylary bolup çykyş etdiler. Çäräniň çäginde konsert hem geçirildi. Çäräniň ýokary derejede geçmegine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Çagalar gaznasy bilen birlikde Guramanyň özi we Aşgabat şäheriniň aýdym söýüjiler kluby hem öz degerli goşandyny goşdular. 

Daga çykjaklar bellige alnyp, olara öwüt-ündew sözleri aýdylyp we tehniki howpsuzlyk boýunça görkezmeler berilenden soň dagyň belentliklerine çykmaklyk başlandy. Gatnaşyjylaryň hyjuwlary, türkmen tebigatynyň özi , ýagny güýzüň irki gün şöhleleri – bularyň ählisi üstünligiň habarçylarydy. Daga çykmaklygyň käbir ýerlerinde gatnaşyjylar üçin duşuşyk ýerleri bellenilipdi. Şol ýerde olaryň netijeleri bellige alnyp, häzirki zaman aragatnaşyk enjamlarynyň üsti bilen dagyň eteginde ýerleşen esasy düýp topara habar edilýardi. 

Ine-de ilkinjiler belentligi özüne tabyn etdiler. Maksada ýetmegiň begenji, ajaýyp arassa dag howasy, degre-daşyň gözel görnüşi olar üçin iň gowy baýrak boldy. Gökderäniň ýatdan çykmajak ajaýyp keşbi, daş-töweregi gurşap duran Köpetdagyň belent dag gerişleri hem-de gözýetimden ýitip gidýan giňişlikler Marköw dag belentliginden seredeniňde diýseň üýtgeşik eseri ýadyňa salýardy. 

Bir sagat ýigrimi bäş minut wagty sarp edip, „Agama“ klubynyň agzasy Wasiliy Ýankin, ilkinji bolup belentligi geçdi. Ýeri gelende aýdanymyzda netijeler ýedi ýaş aýratynlygy boýunça bahalandyryldy. Elli ýaşdan ýokarda bolanlaryň hatarynda Nadžiýa Kostowa we Alekseý Igdyrow gowy netijeleri görkezen bolsalar, okuwçylaryň arasynda Aşgabat şäherinden Ata Derýagulyýew we Azym Azymow tapawutlandylar. Sagdyn durmuş ýörelgeleri ýaş aýratynlyklara seretmeýär. Belent daglar adamyň bedenine sagdynlygy, özüne bolsa ruhubelentligi we şähdiaçyklygy sowgat berýär. Gatnaşyjylaryň ýaş aýratynlygyny aýdanymyzda bolsa, olaryň iň uly ýaşly gatnaşyjysy 69 , iň ýaşy bolsa 3 ýaşynda. Dag belentlikden üstün çykmak, her bir adamyň öz şahsy ýeňşi. Bu çärede bolsa okuwçylar, kemala gelen türgenler, sporty söýüjiler we ussat alpinistler ýeňiş gazandylar. 

Daga çykmak çäresine maýyplaryň topary hem gatnaşyp, olar ýeňişe bolan maksadaokgunlylygyň we tutanýerliligiň nusgasyny görkezdiler. Olar eýýäm birnäçe ýyllaryň dowamynda şunuň ýaly çärelere gatnaşýarlar. Bu bolsa dag syýahatçylygyň saglygyňy dikeltmek üçin iň gowy serişdeleriň biri bolup, adamyň göwnüni açyp, özüne bolan ynamyny berkidip, ýaşamaga uly güýç berýändigi barada aýdýar. 

Daga çykmaklyk tamamlanandan soň ýeňijileri, çärä işjeň gatnaşyjylary we dag syýahatçylygynyň ösdürilmegine goşant goşanlary sylaglamak dabarasy geçirildi. Olara diplomlar, gymmat bahaly sowgatlar bilen birlikde ýene-de bir dag belentligine çykanlygy barada sertifikatlar hem gowşuryldy. Marköw dagynyň belentligine çykmaklyk ençeme ýyllar bäri dowam edip gelýär. Şu ýyl bu dabara Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna we halkara syýahatçylyk gününe bagyşlanyp geçirildi. 

Daga çykmaklyk dabarasy, daşky gurşawy goramagy aýdyň görkezýän ýene bir çäresi, ýagny daga çykmak dabarasynyň geçen ýerlerini arassalamak bilen tamamlandy. Bu bolsa dag syýahatçylygynyň ýene bir düzgünleriniň biri. Bu çäre tebigaty geljekgi nesiller üçin aýawly saklamaklygyň wajypdygyny görkezýär. 

Türkmen alpinistleri Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk baýramy mynasybetli, ýene-de dag gerişlerine çykmaklyk çärelerini geçirmekligi , şol sanda Köpetdaga çykmaklygy hem göz öňünde tutýarlar. „Agama “ klubynyň özi garaşsyzlyk bilen ýaşdaş bolmak bilen, dünýäniň köp belentliklerinde ýurdumyzyň abraýyny gorap, ençeme belentliklerde türkmen tuguny dikip gaýtdy. Klub biziň ýurdumyzda sportuň gelejegi we ähmiýeti uly bolan alpinizm sportuny ösdürmek boýunça wagyz- nesihat işleri geçirýär.

referans: www.turkmenistan.gov.tm 

Degişli makalalar

BSG Aşgabatda geçiren sebitara maslahaty.

syrach

Türkmen Lukmanlary Bilen Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Bilermenleri

turkmenhabargullugy

SUW­SA­MAZ­LY­GYŇ ÇÄ­RE­SI

syrach