24.9 C
Aşkabat
02.05.2024
YKDYSADYÝET

Hazaryň kenarýaka zolagynda gaz gysyjy täze desga

Şu gün bu ýerde, deňizýaka şäheriniň eteginde Hazaryň türkmen ýalpaklygyndaky we kenarýaka zolagyndaky ýataklardan ugurdaş nebit gazyny ýygnamak hem-de ony ýurdumyzyň gaz geçiriş ulgamyna bermek üçin niýetlenen gaz gysyjy desga ulanylmaga berildi. 

Bu waka Hazar sebitiniň baý uglewodorod serişdelerini doly möçberde özleşdirmegiň hasabyna nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmagy ugur edinen Türkmenistanyň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde nobatdaky wajyp ädimleriň biridir. 

Häzirki zaman tilsimatlary bilen abzallaşdyrylan “Hazar” gaz gysyjy desgasynyň umumy kuwwatlygy ýylda 2 milliard kub metr gaza niýetlenip, iň ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýär. Ol dolulygyna awtomatlaşdyrylandyr hem-de özbaşdak dolandyrylýandyr. Işiň ähli tapgyrlary operator zalyndan elektroniki we ýörite maksatnama üpjünçiliginiň kömegi arkaly uzak aralykdan we merkezleşdirilen usulda amala aşyrylýar. 

Desgada turba gysyjy enjamlaryň üçüsi oturdylyp, şolaryň ikisi esasy, beýlekisi bolsa kömekçi hyzmaty ýerine ýetirýär. Olar gazy “gysýarlar” hem-de onuň basyşyny 2,5-den 25 atmosfera çenli ýokarlandyrýarlar. Mundan başga hem toplumda ýangyjy toplaýan we arassalaýan iň döwrebap ulgamlar, gaz turbina we dizel elektrik stansiýasy, transformator bekedi, howdanlary bolan deňiz suwuny süýjediji desga, mehaniki bölümçe, awtoulag toplumy we beýleki desgalar jemlenipdir. 

Has takygk barlag-ölçeg enjamlary bekede çig malyň gelip gowuşmagyny hem-de bu ýerden “mawy ýangyjyň” iri gaz geçirijilerine berilmegini hasaba almagy üpjün edýär. Onuň degişli kadalara laýyk gelmegine dolandyryş binasynda ýerleşen barlaghanadan gözegçilik edilýär. 

Bu iri maýa goýum taslamany “Türkmennebit” döwlet konserni ukrain hyzmatdaşlarymyz—ozal hem ýurdumyzda nebitgaz düzüminiň birnäçe desgalarynyň gurluşygyna gatnaşan Sumynyň M.W.Frunze adyndaky maşyn gurluşyk ylmy-önümçilik birleşigiň hünärmenleri bilen bilelikde ýerine ýetirdiler. 

Ozal habar berlişi ýaly, “Hazar” gaz gysyjy desgasynyň gurluşygy ilkinji nobatda deňizdäki ýataklardan alynýan ugurdaş nebit gazynyň senagat taýdan peýdalanylmagy ýaly wajyp wezipäni çözmäge mümkinçilik berýär. Ozal bu gaz alawlarda ýakylardy. Indi ol eksport gaz geçirijisi boýunça ugradylar. Mundan başga hem Goturdepe ýatagyndaky guýulardan nebitiň çykarylyşyny artdyrmak üçin ulanylar. 

Şeýlelik bilen, desganyň işe girizilmegi ýurdumyzyň gaz we nebit kuwwatyny mümkinçilikleriniň ýokarlandyrylmagyna ýardam berer. Gazyň halkara energetika bazarlaryna iberilýän möçberlerini artdyrmak üçin goşmaça şertleri döreder. 

“Hazar” gaz gysyjy desgasynyň açylyş dabarasyna nebitgaz pudagynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, deňiz ýakasyndaky şäheriň häkimliginiň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň desganyň gurluşygyna gatnaşan gurluşykçylara we işgärlere, ýangyç-energetika toplumynyň hünärmenlerine ýurdumyzda täze nebitgaz desgasynyň işe girizilmegi mynasybetli iberen Gutlagyny üns berip diňlediler. 

Hususan-da, milli Liderimiziň Gutlagynda “Uglewodorod çig malynyň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, Türkmenistan dünýäde iri energetika döwleti hökmünde ykrar edilýär. Biz häzirki wagtda tebigy baýlyklarymyzy diňe bir öz halkymyzyň abadançylygy üçin netijeli peýdalanmak bilen çäklenmän, eýsem, tutuş adamzadyň bähbitlerine , dünýäde energiýa üpjünçiliginiň meseleleriniň çözülmegine gönükdirýäris” diýlip bellenýär. 

Dabarada çykyş edenler täze Galkynyş eýýamynda hil taýdan täze belentliklere eýe bolan ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň meselelerine yzygiderli üns berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk bildirdiler. 

Döwletimiz tarapyndan nebitgaz senagatynyň tehniki üpjünçiligine, kärhanalaryň döwrebaplaşdyrylmagyna, geologiýa-gözleg, geofizika, buraw işleriniň geriminiň giňeldilmegine, hereket edýän ýataklary ulanmagyň netijelliligini artdyrmaga hem-de täze, geljegi uly nebit we gaz meýdançalarynyň senagat taýdan özleşdirilişini çaltlandyrmaga goýberilýän maksatlaýyn maýa goýumlarynyň pudagyň çig mal binýadyny has-da pugtalandyrmaga, çykarylyşynyň we gaýtadan işlenilişiniň möçberini ýokarlandyrmaga, nebit önümleriniň giň görnüşlerini öndürmegi ýola goýmaga mümkinçilik berendigi bellenildi.

Ählumumy energetika howpsuzlygynyň netijeli ulgamynyň kemala gelmegine gönükdirilen möhüm halkara başlangyçlarynyň birnäçesini öňe sürmek bilen Türkmenistan olaryň durmuşa geçirilmeginde anyk çäreleri amala aşyrýar. Täze transmilli Türkmenistan—Hytaý gaz geçirijisiniň, Türkmenistan—Eýran gaz geçirijisiniň ikinji şahasynyň işe girizilmegi, şu ýylyň tomsunda Hazar deňzindäki ýataklardan tebigy gazyň alnyp başlanmagy, ýurdumyzyň iri gaz ýataklaryny ýeke-täk gaz geçirijisinde birleşdirjek Gündogar-Günbatar gaz geçirijisiniň gurluşygy hem-de beýleki iri göwrümli taslamalar türkmen Lideriniň Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmagyň, türkmen halkynyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmagyň bähbitlerine Türkmenistanyň ägirt uly uglewodorod gorlaryny doly gerimde özleşdirmäge gönükdirilen energetika strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. 

“Hazar” gaz gysyjy desgasynyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralar tamamlanandan soňra, bu wakanyň şanyna hem-de hormatly Prezidentimiziň baş saglygyna toý sadakasy berildi.

referans: www.turkmenistan.gov.tm 

Degişli makalalar

Nebit Dürlüçe Nyrhda Satylýar

Bugdaý Oragyna Badalga Berildi

syrach

Alym: Barlaglar Uglewodorod Gorlaryna Baha Berilýän Möçberini Artdyrmaga Esas Döredýär