26.9 C
Aşkabat
02.05.2024
SPORT

Türkmen futbolçylary ýeňiş bilen başladylar.

 “Aşgabat” köpugurly stadionda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrunda 19-njy halkara ýaryşynyň dabaraly açylyşy geçirildi. Bu abraýly baýraga eýe bolmak ugrunda şu ýyl sekiz ýurtdan – Russiýadan, Belarusdan, Özbegistandan, Täjigistandan, Gyrgyzystandan, Eýrandan, Kuweýtden we Türkmenistandan ýetginjekler toparlary gatnaşýarlar. Öňümizdäki sekiz günüň dowamynda olara türkmen döwletiniň Baştutanynyň Kubogynyň eýesini kesgitlemek garaşýar. Geçen ýyl, kubok mälim bolşy ýaly, finalda Ukrainanyň toparyny 4:0 hasabynda ýeňen Türkmenistanyň ýygyndysynyň futbolçylaryna nesip etdi. 

Dabaraly sazyň owazynyň astynda stadionyň meýdançasyna ýaryşa gatnaşyjy ýurtlaryň baýdaklary çykarylýar. Şu ýerde altyn öwüşginli münberde Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy goýlupdyr. Stadionyň merkezi münberiniň öňünde ýaryşa gatnaşyjy ýurtlaryň komandalary hatara düzüldi. Stadion boýunça komandalaryň her biri tanyşdyrylandan soňra, ýaryş açyk diýlip yglan edilýär hem-de janköýerlerden doly 20 müň tomaşaçy orunlyk stadionda biziň ýurdumyzyň Döwlet senasy ýaňlanýar. 

Türgenleriň we dürli tans toparlarynyň görkezme çykyşlary baýramçylyk öwüşginini artdyrýar. 

Ozal habar berlişi ýaly, düýn oýnuň ilkinji güni “A” toparynda öňdebaryjylaryň ikisi kesgitlendi. Olar Täjigistandan 7:0 we Belarusdan 2:1 hasabynda degişlilikde üstün çykan Russiýanyň we Özbegistanyň futbolçylary boldular. 

Şu gün hormatly baýrak ugrunda ýaryşa “B” toparyň komandalary goşuldylar. “Köpetdag” stadionynda geçirilen ilkinji duşuşykda Gyrgyzystanyň we Kuweýtiň ýygyndylary güýç synanyşdylar. 19-njy minutda çep tarapdan berlen pökgini kellesi bilen owadan urgy geçirip, W.Ni gyrgyz komandasyny öňe çykardy—1:0. 39-njy minutda gyrgyzystanlylar A.Mamyrowyň iki duýduryş alandygy üçin azlykda galdylar. Şeýle ýagdaý olaryň ýeňişli hasabyny oýnuň ahyryna çenli saklamaga päsgelçilik bermedi. Duşuşygyň esasy pursady oýna goşmaça goşulan ilkinji minutda gelip ýetdi. Şonda kuweýtliler jerime urguny ýerine ýetirmäge hukuk gazandylar. H.Alsultanyň uran pökgüsi garşydaş oýunçylaryň birine degip, Gyrgyzystanyň ýygyndy toparynyň derwezesine girdi. Netijede ýaryşda ilkinji deňme-deň – 1:1 tamamlanan oýun hasaba alyndy. 

Beýleki bir duşuşykda agşamara “Aşgabat” köpugurly stadionynda Türkmenistanyň we Eýranyň ýygyndylary duşuşdylar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky ýaryşda myhmanlaryň komandasyna Maşat şäheriniň ýaş futbolçylary wekilçilik edýärler. Biziň ýygyndymyz häzirki ýaryşa türgenleşdiriji A.Agamyradowyň ýolbaşçylygynda taýýarlandy. Onuň türgenleri şu ýylyň sentýabrynyň ahyrynda Katmandu şäherinde Aziýa çempionatynyň saýlama oýunlarynda (16 ýaşa çenli) Yragyň, Bahreýniň we Nepalyň komandalary bilen çynlakaý synaglara döz gelmeli bolarlar. 

Oýun biziň futbolçylarymyzyň köpçülikleýin hüjümlerinden başlandy we olar eýýäm 7-nji minutda hasaby açdylar. Pökgini H.Orazow geçirdi. 12 minutdan soň, türkmenistanlylar sag tarapdan ýene-de bir ýiti hüjümi guradylar we özüne geçirilen pökgüni P.Muhammedow garşydaşyň derwezesine urup, ikinji pökgini derwezä saldy. 24-nji minutda burçdan berlen pökgini H.Orazow kellesi bilen ussatlyk bilen derwezä gönükdirmegi başaryp, özüniň ikinji pökgüsiniň geçirmek bilen, hasaby Türkmenistanyň ýygyndysynyň haýryna 3:0-a ýetirýär. 

Myhmanlar ruhdan düşmän, özleriniň seýrek hüjümleriniň birinde 27-nji minutda derwezeban bilen ýekeme-ýeke çykyp, H.Nabizadeh bir jogap pökgüni geçirmegi başarýar—3:1. Şeýle hasap bilen komandalar arakesmä çykdylar. 

Duşuşygyň ikinji ýarymy şol ýagdaýda dowam etdi – ýer eýeleri bütin meýdança boýunça öz rüstemliklerini aýdyň görkezdiler, myhmanlar seýrek hem bolsa, ýiti hüjümleri bilen jogap berdiler. 

51-nji minutda eýranlylar öz jerime meýdançalarynda biziň komandamyzyň oýunçylarynyň biriniň garşysyna gödek oýnadylar we S.Kabaýew 11 metrlik jerime urgudan Türkmenistanyň ýygyndysynyň artykmaçlygyny 4:1 hasaba çenli artdyrdy. Bu hasap bary – ýogy iki minut saklandy. Eýranly futbolçylar dessine garşylyklaýyn hüjümi guramak bilen, goragçylardan arany açmagy başaran Ý.Seýdsajad yza galýan tapawutlaryny gysgaldyp, hasaby 4:2-ä getirdi. 

Soňra diňe biziň futbolçylarymyz pökgi geçirdiler. 55-nji minutda R.Amangeldiýew hasaby 5:2 ýetirdi. 76-njy minutda bolsa G.Gurbangulyýew Türkmenistanyň ýygyndysynyň ahyrky ýeňişli nokadyny goýdy—6:2. 

Şu ynamly ýeňşinden soň, Türkmenistanyň komandasy üç utuk toplap, “B” toparynda ýaryş sanawynyň başyna geçdi. Kuweýtiň we Gyrgyzystanyň ýygyndylarynyň hersi bir utuk topladylar. Eýranyň komandasynda bolsa häzirlikçe utuk ýok. 

12-nji sentýabrda “A” toparynda ikinji tapgyryň duşuşyklary geçiriler. 10:00-da “Aşgabat” stadionynda Täjigistanyň we Özbegistanyň ýygyndylary, 17:00-da bolsa Russiýanyň we Belarusyň ýygyndylary duşuşarlar.

Degişli makalalar

Türkmen 3×3 Basketbol Topary Altyn Medallaryň Ugrunda

Ýurdumyzyň Futbol Çempionatynyň Bäşinji Tapgyryna Badalga Berildi

Lebapda sport baýramçylygy.

syrach