22.9 C
Aşkabat
17.05.2024
SAGLYK

BSG Aşgabatda geçiren sebitara maslahaty.

Paýtagtymyzyň “Prezident” myhmanhanasynda Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Sebitara maslahaty öz işine başlady. Bu maslahat saglygy goraýşyň meselelrine, serhetüsti gyzzyrma garşy göreşmegiň we ony ýok etmegiň meslelerune bagyşlandy. Bu maslahaty Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, BSG Ýewropa we Gündogar Ortaýer deňzi sebtiniň edaralary, bu halkara guramasynyň ýurtdaky edarasy tarapyndan guraldy. 

BSG maslahatynyň işine Ermenistan, Gyrgyzstan, Özbegistanýaly ýurtlaryň, şeýle hem BSG sebitleriniň ikisiniň – Ýewropa we Gündogar-Ortaýerdeňiz sebitleriniň wekilleri gatnaşýarlar. 

Mälim bolşy ýaly, çybynyň ýaýradýan bu keseliniň dünýäde dartgynly ýagdaýyny göz öňünde tutup, BSG Ýewropa sebiti ýurtlary gyzzyrama keselini duýdurmakdan başlap, ony ýok etmäge çagyrdy. 2006-njy ýylda Ýewropa sebitiniň ýyrlarynyň ählisi tarapyndan, şol sanda Türkmenistan hem, Daşkent deklarasiýasyna gol çekilendiklerini ýatlap geçeliň. Onuň esasynda 2015-nji ýyla gyzzyrma keselini ýok etmek maksady bilen, Sebitara strategiýasy işlenilip taýýarlanyldy. 

Öz üstüne alan borçnamalryny alan wagtyndan başlap, bu ugurda goýlan ep-esli döwlet maýa goýumlaryna esaslanyp, şeýle hem BSG tehiki taýdan kömeklerine daýanyp, Türkmenistan bu ugurda guwandyryjy üstünlikleri gazanmagy başardy. Biziň ýurdumyz 2010-njy ýylda Ýewropa sebtinde ilkinji bolup halkara sertifikatyna eýe boldy. Bu bolsa gyzzyrmanyň doly ýok edilendigine hem-de milli saglygy goraýyş syýasatynyň nobatdaky gezek dabaralanýandygyna şaýatlyk edýär. 

keseliniň serhetüsti geçmek mümkinçiliginiň bardygyny nazara almak bilen, Türkmenistan şeýle hem 2006-njy ýylda BSG goňşusy sebti bolan Gündogar ortaýerdeňzi ýyrtlarynda gyzzyrma keseline garşy göreşmek we ony ýok etmegi reglamentirleýän kabul deklarasiýasyna gol çekdi. Şol ýylda ministrligiň hünärmenleri serhetüsti hyzmatdaşlygyň meseleleri we ugurlary işjeň ara alnyp maslahatlaşylan Täjigistanyň paýtagty Duşanbede geçirilen utgaşdyryjy maslahatyna gatnaşdylar. 

Häzirki wagtda Aşgabat geçirilýän maslahatyň çäklerinde serhetüsti hyzmatdaşlaygyň meseleleri we gyzzyrma keselini ýok etmekde Türkmenistanyň gymmatly tejribesi ara alnyp maslahatlaşylýar. BSG maslahatyna gatnaşyjylar gyzzyrma keseli boýunça häzirki ýagdaýlar garap geçerler, serhetüsti hyzmatdaşlykda gyzzyrma keseline garşy göreşmegiň meselelerini seljermek meselesi olaryň öňünde durýar. Şeýle hem serhete ýakyn çäklerde işleri we çäreleri utgaşdyrmak boýunça bilelikdäki meýilnamalary ara alyp maslahatlaşmak, döwletleriň arasynda üstaşyr keseller boýunça maglumatlary yzygiderli alyş-çalşy giňeltmek göz öňünde tutulýar. BSG maslahatyna gatnaşyjylar Türkmenistanda bolmaklarynyň çäklerinde milli öňüni alyş maksatnamalaryna degişli bolan dürli gulluklaryň we lukmançylyk edaralarynyň işleri bilen tanyş bolarlar.

Degişli makalalar

Bütindünýä saglyk güni.

syrach

Uly Bilermenleriň Gullugynyň Çäklerindäki Bilelikdäki Taslama Türkmen-German Hyzmatdaşlygynyň Ugurlarynyň Biridir

Lukmanlaryň Başarjaňlygy

syrach