22.2 C
Aşkabat
17.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Owganystanyň parahatçylygy meselesi Türkmenistanda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen tarapynyň başlyklyk etmeginde daşary ýurtlaryň birnäçesiniň sebitleýin tehniki toparlarynyň duşuşygy geçirildi. Onda Owganystandaky ýagdaýlary kadalaşdyrmaga ýardam bermek baradaky meselelere garaldy. 

Stambul hereketiniň çäklerinde “Sebitleýin düzümler” ynamyny pugtalandyrmak babatda hereketiň çäreleriniň Meýilnamasyny durmuşa geçirmek boýunça duşuşyga Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Italiýanyň, Gazagystanyň, Gyrzygystanyň, Pakistanyň, Russiýanyň, ABŞ-nyň Täjigistanyň, Türkiýäniň wekilleri gatnaşdylar. 

Şeýle hem duşuşygyň işine BMG-niň, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, Aziýa ösüş bankynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň bilermenleri, habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem gatnaşdylar. 

Duşuşyga gatnaşyjylar hereketleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmegiň barşyna garadylar we sebitleýin ösüş boýunça anyk düzümleýin taslamalary öz içine alýan hem-de Owganystandaky ýagdaýyň kadalaşmagyna oňyn täsir etmäge gönükdirilen “Sebitleýin düzümler” ynamyny pugtalandyrmagyň Çäreleri boýunça birnäçe teklipleri öňe sürdüler. 

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň owgan meselesi babatda eýeleýän orny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 65-nji mejlisinde anyk kesgitlendi. Türkmenistan köp ýyllaryň dowamynda goňşy Owganystana ykdysady we ynsanperwer kömegi yzygiderli berýär hem-de durmuş ulgamyna degişli desgalaryň, hassahanalaryň we mekdepleriň gurluşygyna işjeň gatnaşýar, ýurdumyzdaky okuw mekdeplerinde owgan hünärmenleriniň taýýarlanmagyna ýakyndan goldaw berýär. 

Owganystan bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bilen bir hatarda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýoly ýaly iri düzümleýin taslamalar durmuşa geçirilýär, şeýle hem türkmen elektrik energiýasynyň Owganystana ugradylýan möçberlerini bäş esse artdyrmaga mümkinçilik berýän degişli kuwwatly düzümiň gurluşygy alnyp barylýar. 

Şeýlelikde, Türkmenistan Owganystandaky ýagdaýyň parahatçylykly ýol bilen çözülmeginiň bu meselelere syýasy-diplomatik çemeleşmelerden başga-da anyk ykdysady mana eýedigini iş ýüzünde subut edýär. Munuň özi Owganystanyň ykdysadyýetiniň sebitleýin ähmiýetli derejä çykmagyny şertlendirýän iri strategik häsiýetdäki wezipeleriň çözülmegini nazarlaýar. 

Duşuşyga gatnaşyjylar geçirilen pikir alyşmalaryň barşynda bu çäräniň Owganystanyň sebitleýin düzüm taslamalary ulgamyndaky ynanyşmagy pugtalandyrmak boýunça Çäreleri iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň möhüm tapgyrlarynyň birine öwrüljekdigini bellediler.

Degişli makalalar

Hünärmenleri bileleşip taýýarlaýarys.

syrach

Halkara Nebit we Gaz Uniwersiteti Dünýäniň Esasy Ylym Bilim Merkezleri Bilen Hyzmatdaşlygy Ösdürýär

turkmenhabargullugy

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana Sapary

syrach