24.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Türkmen Halysy-Gözelligiň we Beýik Sungatyň Nusgasy

Türkmen Halysy-Gözelligiň we Beýik Sungatyň Nusgasy

Paýtagtymyzda her ýyl maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän uly ählihalk baýramynyň öňýanynda “Gözellik nusgasy — türkmen halysy” atly halkara serginiň açylyş dabarasy boldy. Pudaklaýyn gözden geçirilişi “Türkmenhaly” döwlet birleşigi hem-de Söwda-senagat edarasy guradylar.

Gözbaşyny ony döreden halkyň bäş müň ýyllyk taryhynyň jümmüşinden alyp gaýdýan bu täsin gadymy sungatyň üýtgewsiz ähmiýetiniň nyşany bolan Türkmen halysynyň baýramy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem türkmenistanlylaryň häzirki nesilleri üçin ata-babalarymyzyň wesýet eden ruhy gymmatlyklaryna, özboluşly gadymy däp-dessurlaryň dowamlylygyna ygrarlylygy alamatlandyrýar.

Ähli şäherlerde we obalarda guralan döredijilik duşuşyklary, çeperçilik sergileri hem-de aýdym-sazly çykyşlar esasy dabaralaryň özboluşly başlangyjy boldy, bu çäreler türkmen halylarynyň deňsiz-taýsyz gözelligine hem-de olary döredýänleriň inçe zehinine, çeper elli halyçy zenanlarymyzyň belent zähmet edermenliklerine bagyşlandy.

Baýramçylyk maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň halyçylarynyň arasynda bäsleşikleriň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Olaryň iň meşhury ýaş çeper elli halyçylaryň täze haly eserleriniň her ýyl geçirilýän döredijilik sergisidir. Asyrlaryň dowamynda nepis halylary dokamagyň inçe tilsimleriniň maşgala gymmatlygy hökmünde nesilden-nesle geçirilmegi elde haly dokamak senediniň biziň günlerimize çenli ýetip gelmegine ýardam berdi. Häzirki wagtda hem ýurdumyzda haly dokamak sungatynyň ussatlarynyň ençeme maşgalalary giňden tanalýar, olaryň hatarynda zehinli ýaşlar hem köpdür.

Şu günler pudagyň ähli kärhanalarynda meşhur halyçylary hem-de önümçiligiň öňdebaryjylaryny sarpalamak dabaralary geçirildi. Olaryň iň öňdebaryjylary esasy baýramçylyk çärelerine gatnaşmak üçin ak mermerli paýtagtymyza geldiler.

Däp boýunça Türkmen halysynyň milli muzeýiniň zallarynda hem-de onuň baýramçylyk görnüşinde bezelen ýanaşyk çäginde geçirilýän iri möçberli haly sergisi baýramçylyk maksatnamasynyň uly ähmiýetli wakasy bolup durýar. Bu diňe bir biziň ýurdumyzyň däl-de, eýsem, dünýä möçberinde hem iň täsin muzeý toplumlarynyň biridir. Onuň ajaýyp zallarynda dünýäniň çeperçilik gymmatlyklarynyň hazynasyna ägirt uly goşant goşan türkmen halkynyň meşhur haly sungatynyň gadymy nusgalarynyň we häzirki zaman täsin görnüşleriniň 2 müňe golaýy saklanylýar.

Paýtagtymyzyň merkezinde ýerleşýän bu sungat ojagy adamlaryň iň köp gelýän taryhy-medeni ajaýyplyklarynyň birine öwrülip, milli halyçylyk sungatyna sarpa goýýanlaryň — alymlaryň, bilermenleriň, haly gymmatlyklaryny toplaýjylaryň we syýahatçylaryň köp sanlysyny özüne çekýär.

Şu gezekki foruma gatnaşmak üçin Aşgabada Ýewropanyň we Aziýanyň 14 döwletinden, şol sanda Russiýadan, Germaniýadan, Beýik Britaniýadan, Türkiýeden, Saud Arabystanyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Katardan, Eýrandan, Pakistandan, Owganystandan, Azerbaýjandan, şeýle hem Gazagystandan, Özbegistandan, Täjigistandan wekiliýetler geldi. Paýtagtymyza gelen daşary ýurtly 175 myhmanyň hatarynda ylmy-medeni merkezlere hem-de iri haly kärhanalaryna, söwda kompaniýalaryna wekilçilik edýän ýolbaşçylar we hünärmenler bar. Maslahata gatnaşyjylaryň hatarynda Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň wekilleri bar.

Şu gün ir bilen bu ýerde baýramçylyk ýagdaýy höküm sürdi. “Serpaý” tans toparynyň ýerine ýetirmeginde türkmen halysynyň — “arşyň nepisliginiň” döreýiş taryhy öz beýanyny tapýar. Türkmen milli konserwatoriýasynyň gyzlar topary ajaýyp halk aýdymlary bilen myhmanlary garşylaýar.

Serginiň açylyş dabarasyna hökümetiň agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, medeniýet we sungat işgärleri, talyp ýaşlar, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, pudaklaýyn kärhanalaryň wekilleri we ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan tanymal halyçylar gatnaşdylar.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Gutlag hatynda döwlet Baştutanymyz milli sungatymyzyň ähmiýetini nygtaýar: Türkmen zenanlarynyň çeper elleri, uz barmaklarynyň gudraty bilen döredilen halylarymyz halkymyzyň dünýäde ykrar edilen ajaýyp sungat ýadygärligidir. Türkmen halysy halkymyzyň ruhy ahwalydyr. Gözelligi, nepisligi, müň dürli öwüşgini, reňkleriniň ajaýyp sazlaşygy bilen göreni haýrana goýýan halylarymyzda halkymyzyň ähli ajaýyp häsiýetleri, milli aýratynlyklary jemlenendir.

Milli Liderimiz Gutlagynda şu gezekki halkara serginiň hem-de onuň çäklerinde geçirilýän Türkmen halyşynaslarynyň Bütindünýä jemgyýetiniň XVII mejlisiniň ýurdumyzyň halyçylyk pudagynda gazanylan üstünlikleri, uz barmakly gelin-gyzlarymyzyň täsin sungatynyň köpdürlüligini ähli aýdyňlygy bilen açyp görkezjekdigine, halkara serginiň halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Täze taryhy döwürde türkmen halkynyň ruhy-medeni mirasyny düýpli öwrenmek, haly dokamak sungatynyň gadymy ýörelgelerini we gymmatlyklaryny aýawly gorap saklamak hem-de artdyrmak ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary derejesine çykaryldy.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň döwlet nyşanlarynyň aýrylmaz bölegi bolan haly gölleri halkymyzyň agzybirligini we jebisligini, milletimize mahsus parasatlylygy, ajaýyplyklara bolan çäksiz islegleri alamatlandyrýar. Olar paýtagtymyzyň binagärlik keşbinde bezeg nagyşlarynyň möhüm bölegi bolup durýar. 2016-njy ýylyň sentýabrynda açylan Aşgabat şäheriniň täze Halkara howa menziliniň ýolagçy terminalynyň binagärlik aýratynlygy üçin Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi guwançly waka boldy. Terminal “Iň uly göl” diýen ada eýe boldy.

Täsin çeper senedi giňden wagyz etmek, gözellikde deňi-taýy bolmadyk halylary aýawly saklamak maksady bilen, ýurdumyzyň halyçylyk pudagynyň önümçilik düzümleri döwrebaplaşdyrylýar. Ýurdumyzda öňki bar bolan önümçilikleriň durky täzelenýär we täze kärhanalar açylýar, olarda netijeli zähmet çekmek hem-de çeper elli halyçylaryň döredijilik gözleglerini durmuşa geçirmek üçin ähli şertler döredilýär. Serdar şäherinde gurlan iň häzirki zaman nusgaly iri fabrik munuň mysaly bolup biler, onda ölçegleri hem-de nepisligi boýunça täsin halylar dokalýar, bu halylar hökümet edara binalarynyň we medeni merkezleriň, muzeýleriň ajaýyp zallaryny bezeýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzda iň iri Halajyň çeper halyçylyk kärhanasynyň täze önümçilik bölüminiň gurluşygy ýokary depginlerde dowam edýär, bu kärhanada 2 müňe golaý halyçy zähmet çekýär. Şeýle hem bu ýerde äpet halylary dokamak göz öňünde tutulýar, onuň üçin kärhananyň ussahanalarynda dokalýan enjamlaryň kämilleşdirilen nusgalary işlenip taýýarlanylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halylarynyň hemişelik, öçmejek gözelligi hakynda söhbet açýan “Janly rowaýat” we “Arşyň nepisligi” atly kitaplary milli sungatymyzyň gadymy ýörelgelerini wagyz etmek işine uly goşant boldy. Bu eserlerde milli Liderimiziň halkymyzyň müňýyllyk medeni mirasyna uly sarpasy beýan edilýär.

Gadymy muzeý gymmatlyklarynyň toplumynyň we çeper elli halyçy zenanlarymyzyň “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalarynda dokan täze ajaýyp halylary serginiň esasy bezegi boldy hem-de döwlet Baştutanymyzyň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda beýan edilen parasatly pikirleriň aýdyň tassyknamasyna öwrüldi. Gutlagda: “Biziň halylarymyzy içgin synlanyňda, türkmen baharynyň joş urýan öwüşginleri, çägeli depeleriň günortanyň jöwzasyndaky lowurdysy, güle bürenen türkmen ýaýlalary, çarwanyň ak öýündäki oduň ruhlandyryjy alawy, düýpsüz gök asmandaky ýyldyzlaryň ýalpyldysy, bedewleriň toýnak sesiniň dükürdisi, şemalyň we kenara urulýan tolkunlaryň birsydyrgyn owazy, enäniň hüwdüsi we näzikligi hakynda gürrüň berýän ýaly, geň galdyryjy täsin duýgular kalbyňy galkyndyrýar” diýlip aýdylýar.

Haýran galan myhmanlara hakyky türkmen toýuna mahsus, däp-dessurlar, bagşylaryň joşgunly aýdymlary, milli däp-dessurlaryň giň meýdançada ýaýbaňlandyrylan sahnalaşdyrylan görnüşleri — gelniň öýlenýän ýigidiň öýünde garşylanmagy hem-de onuň hossarlarynyň gelne halat ýapyşlary, täze ajaýyp halynyň bu sungatyň inçe syrlaryna oňat düşünýän çeper elli halyçylara görkezilmegi ýaly sahnalar görkezilýär.

Täsin gymmatlyklaryň hatarynda keşde çekilen milli zenan lybaslary, şaý-sepler, ajaýyp halylar türkmen halkynyň örän baý medeni-ruhy mirasynyň ajaýyp görnüşini emele getirip, sergä gelen myhmanlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Olar öz joşgunyny gizlemän, wideokameralara nepis işleri, arassa ýüňden we ýüpekden dokalan halylaryň nusgawy nagyşlaryny, tebigat görnüşleri şekillendirilen ajaýyp nagyşlary surata düşürýärler. Halylaryň göldür nagyşlarynda şöhrat gazanan ahalteke bedewleri janlanýar, aýdyň öwüşginlerde tebigat gül açýar. Edil fotosuratlardaky ýaly, gadymy taryhy ýadygärlikler hem-de häzirki zaman binagärlik gözellikleri beýan edilýär.

Muzeýiň sergi zallarynyň çäginden daşarda ýaýbaňlandyrylan serginiň her künjeginde halyçy zenanlaryň yhlasly zähmeti hem-de döredijiligi bilen emele gelen ajaýyp görnüş döreýär, täze halyny dokamaga taýýarlyk görmek işleriniň yzygiderliligi beýan edilýär.

Bu ýerde ýüplügi taýýarlamagyň hem-de ony boýamagyň ähli işleri köpdürlüligi bilen görkezilýär, ol ýüplüklerden reňkli keçeler, milli lybaslar, keşdeler we el işiniň beýleki görnüşleri taýýarlanylýar. Sergä gelýänler ýaş zenanlaryň — türkmen halyçylarynyň köpasyrlyk sungatynyň inçe syrlaryny biziň günlerimize çenli gelip ýetmegini gazanan halyçy zenanlaryň ýakymly aýdyma hiňlenip, sungatyň täze nusgalaryny döredişlerini synlaýarlar.

Haly gölleriniň ajaýyp sazlaşygynda nepisligi hem-de taýýarlanylmagyna aýratyn döredijilikli çemeleşilmegi bilen tapawutlanýan sowgatlyk önümleriň uly toplumlaryny taýýarlan türkmen telekeçi zenanlary serginiň myhmanlarynyň ünsüni özüne çekdi. Bu gün öz işiniň hakyky ussatlary häzirki döwrüň meýillerine seslenip, halyçylygyň we syýahatçylyk pudagynyň ösdürilmegine öz goşantlaryny goşýarlar.

Olaryň sungatynda Aşgabatda öňde boljak Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary hem möhüm orun eýeleýär. Halyçy zenanlaryň elinden çykýan nepis halylar we haly önümleri Aziadanyň geçirilýän döwründe ajaýyp paýtagtymyza gelen myhmanlar hem-de türgenler üçin iň gowy sowgatlyk bolar.

Serginiň aýdyň öwüşginli gymmatlyklary, döreden baýramçylyk ýagdaýy myhmanlara haly dokamagyň milli däp-dessurlarynyň çeşmeleri hem-de halkymyzyň örän baý halyçylyk mirasy bilen tanyşmaga, onuň özboluşly medeniýetiniň we sungatynyň aýratynlyklaryna has oňat düşünmäge mümkinçilik berdi.

Degişli makalalar

«Türkmenstandartlary» Gullugy Halkara Akkreditasiýasyny Tassyklady

turkmenhabargullugy

Ýerli Çig Maldan Portland Sement Öndürilip Başlandy

Aziada-2017-niň Aragatnaşyk Hyzmaty Teleýaýlymlarda Görkezmegiň we Internet-Aragatnaşygynyň Ýokary Hilini Üpjün Eder