30.9 C
Aşkabat
01.05.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Köpçülikleýin Habar Beriş Serişdeleri Üçin Maglumat

Soňky günlerde käbir halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Amerikanyň Birleşen Ştatlary tarapyndan 20 ýylyň dowamynda köpmillionlyk ykdysady kömegiň bölünip berilendigi baradaky habarlar peýda boldy.

Türkmen tarapy bu maglumatlaryň nädogrudygyny hem-de Türkmenistanyň we ABŞ-nyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň özarabähbitlilik hem-de deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýandygyny tassyklaýar.

Şunlukda indikileri aýratyn bellemek zerurdyr, ýagny çärýek asyrdan gowrak wagt bäri Türkmenistanyň döwlet edaralary we ykdysady birlikleri ABŞ-nyň kompaniýalary bilen birlikde elektroenergetika, raýat awiasiýasy, howa-älem ulgamynda, oba hojalykda we strategiki taýdan ähmiýetli bolan beýleki ençeme ugurlarda umumy jemi ençeme milliard amerikan dollaryna barabar bolan onlarça ykdysady taslamalary durmuşa geçirdiler.

Türkmen tarapy elektroenergetiki desgalarynyň gurluşygynyň, awiasiýa, oba hojalyk, gurluşyk-ýol tehnikalarynyň getirilmeginiň, şeýle-de amerikan kompaniýalarynyň gatnaşmagynda işleriň hem-de hyzmatlaryň ýerine ýetirilmeginiň buýrujysy bolmak bilen, ýokarda görkezilen taslamalaryň çäklerindäki degişli tölegleri özüniň hususy pul serişdeleriniň hasabyna amala aşyrandyr.

Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat-gullugy

Degişli makalalar

Oýunlaryň Başlanmagyna 200 Gün Galanda Aziada-2017-niň Nyşany Duşakerikdag Gerşine Galdyryldy

Türkmenistanyň Prezidenti «KAMAZ» Açyk Paýdarlar Jemgyýetiniň Baş Direktoryny Kabul Etdi

turkmenhabargullugy

Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

syrach