01.12.2025
DÜNÝÄ

Türkmen medeniýeti Bagdatda açylan sergi bilen tanadylýar.

Türkmen medeniýetini we gündelik durmuşy beýan edýän goşlar Yragyñ paýtagty Bagdatda açylan sergi bilen tanadylýar.

Bagdadyñ welaýat häkimligi we Türkmen doganlyk ojagy tarapyndan açylan sergide türkmenlere degişli egin eşikler, gündelik durmuşda ulanylýan goşlar bilen türkmenleriñ durmuş ulgamyny beýan edýän goşlar sergilenýär.

Serginiñ açylyş dabarasyna gatnaşan Bagdadyñ welaýat häkimi Salah Abdürrezzak sergilenýän her bir eseriñ türkmen medeniýetini, taryhyny, urp-adatlaryny görkezýändigini nygtady.

Türkmenleriñ Yragy emele getirýän esasy elementlerden biri bolandygyny aýdan Abdürrezzal “Türkmenler bilen buýsanýarys. Türkmenler Yragyñ gurulmagynda uly rol oýnady. Şu gün Yragyñ halkyna türkmen jemgyýetini tanatmaga çalyşýarys. İlkinji gezek şeýle sergi açýarys” diýip belledi.

Sergä Yragyñ welaýatlardan jogapkär Döwlet ministri Turhan Müfti bilen birlikde syýasatçylar, ýazyjylar we sungat ussatlary hem gatnaşdy.

Türkmen medeniýetini yragyñ halkyna tanatmagy maksat edinýän sergi 2 hepde açyk bolar. 

referans: www.trtturkmen.com

Degişli makalalar

Türkmenistana Hytaýyň “CoronaVac” Sanjymy Getirildi

26 Haziran 2020 Tarihinde Türkmenabat’tan İstanbul’a Düzenlenecek Özel Uçak Seferine Ilişkin Duyuru ve Açıklama

Türkmen Önüm Öndürijileri Şanly Belgiler Ulgamyny Ornaşdyrmak Bilen, Onuň Ykdysady Taýdan Netijeliligini Duýýarlar

turkmenhabargullugy