13.9 C
Aşkabat
18.05.2024
SPORT

Türkmen Tälimçisiniň Halkara Synagy

Ýewropanyň Söweş sungatlary merkeziniň ýerleşýän ýeri bolan Uden şäherinde (Niderlandlar) hanmudo boýunça halkara okuw maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Orif Buharakow gatnaşdy. Ildeşimiz GDA ýurtlaryndan bu okuw maslahatyna çakylyk alan hem-de soňra söweş sungatlarynyň iň ýokary danyny almak ugrunda synag tabşyran ýeke-täk tälimçidir.

Hanmudony esaslandyryjy, Grandmaster (X dan)  Kimm He Ýung tarapyndan geçirilen okuw maslahatynyň barşynda hüjüm etmegiň hem-de özüňi goramagyň tilsimlerini öwrenmek boýunça çuňlaşdyrylan sapaklar geçirildi.

Türkmenistanyň “Hanmudo” söweş sungaty federasiýasynyň başlygy O.Buharakow II dan ugrunda synagdan geçmeli boldy. Biziň ildeşimiz bu wezipäniň hötdesinden abraý bilen geldi.

II dany bermek hakyndaky şahadatnamadan başga-da, tälimçimize hanmudo boýunça türkmen mekdebiniň bu söweş sungatynyň Bütindünýä assosiasiýasy tarapyndan resmi taýdan ykrar edilendigini tassyklaýan resminama gowşuryldy. Mundan başga-da, O.Buharakowa ýene-de bir şahadatnama- oňa “Ussat-instruktor” diýen adyň dakylandygy hakyndaky şahadatnama gowşuryldy. Indi türkmenistanly tälimçi dünýäniň islendik döwletinde başa-baş söweşiň şu görnüşi boýunça tälim berip biler.

Türkmenistanda koreý hanmudo söweş sungaty Garaşsyzlygyň ilkinji  ýyllaryndan ösüşe eýe boldy.  Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň merkezlerinde hanmudo boýunça bölümler hereket edýär. Başa-baş söweşiň bu görnüşiniň federasiýasy diňe bir koreý ugruny däl, eýsem, beýleki görnüşleri, şol sanda köp ugurly söweş, pyçak zyňmak boýunça sport görnüşini hem-de hindi kabaddi toparlaýyn oýny ösdürýär.

Şu günler türkmen türgenleri dünýä çempionatlarynyň ikisine �” kabaddi we köpugurly söweş sporty boýunça ýaryşlara taýýarlyk görýärler. Bu ýaryşlar degişlilikde noýabr aýynyň birinji we ikinji ongünlüklerinde Hindistanda hem-de Russiýa Federasiýasynda geçiriler. Öňümizdäki dynç alyş günlerinde bolsa Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp,  Gumdagda ýetginjekleriň arasynda kabaddi boýunça Balkan welaýatynyň açyk birinjiligi geçiriler.

Noýabr aýynyň ortalarynda ABŞ-nyň Luiziana ştatynyň Baton-Ruž şäherinde söweş sungaty dünýäsinde möhüm waka bolup geçer. Bu ýere tejribe alyşmak üçin başa-baş söweş sungatynyň koreý mekdebini esaslandyryjylar ýygnanar. Bu festiwala Türkmenistanyň “Hanmudo”  söweş sungaty federasiýasynyň wekilleri hem gatnaşar. 

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Çempionatynyň Birinji Tapgyry Tamamlandy

syrach

Küşt boýunça milli ýaryşlaryň bäsleşigi.

syrach

Türkmen Welosipedçileri Belli Tälimçiniň Ýolbaşçylygynda Türgenleşýärler

syrach