20.9 C
Aşkabat
27.04.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Öňdebaryjylar Nobatdaky Ýeňişlerini Gazandylar

2002-nji ýylda doglan ýaşlaryň arasynda geçirilýän ýurdumyzyň futbol birinjiliginde ikinji tapgyryň duşuşyklary geçirilip, onda öňdebaryjylar nobatdaky ýeňişlerini gazandylar.

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň bilelikde guramagynda “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ady bilen geçirilýän bäsleşiginde netijeli oýun görkezýän “Lebap” hem-de “Mary” toparlary çykyş edýän toparçalarynda öňdäki orunlary eýeleýärler.

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Gökje ýaşaýyş jaý toplumyndaky “Sport desgada” geçirilýän bäsleşigiň 10-njy maýa çenli dowam edýändigini ýatladýarys.

 

Ikinji tapgyryň netijeleri:

 «A» toparça

«Aşgabat» — «Ahal» – 2:1

«Balkan» — «Lebap» – 0:1

«B» toparça

«Daşoguz» — «Mary» – 0:1

«Olimp» — GOÝÇYSM – 2:2

 

Ýaryş tertibi:

А” toparça

Toparlar O Ý D U P U
1. “Lebap” 2 2 0 0 3-0 6
2. “Aşgabat” 2 1 1 0 2-1 4
3. “Balkan” 2 0 1 1 0-1 1
4. “Ahal” 2 0 0 2 1-4 0

 

B toparça

Toparlar O Ý D U P U
1. “Mary” 2 1 1 0 3-2 4
2. “Daşoguz” 2 1 0 1 1-1 3
3. GOÝÇYSM 2 0 2 0 4-4 2
4. “Olimp” 2 0 1 1 2-3 1

 

07.05.2020 ý. 3-nji tapgyr

 «A» toparça

Oýun 9. 09:00 «Lebap» — «Aşgabat»

Oýun  10. 11:00 «Ahal» — «Balkan»

 «B» toparça

Oýun  11. 13:00 GOÝÇYSM — «Daşoguz»

Oýun  12. 15:00 «Mary» — «Olimp»

08.05.2020 ý. — dynç güni 

Çeşme: http://tff.com.tm/

Degişli makalalar

“Altyn Asyr II”-Birinji Orunda

Türkmenistan Beýik Ýüpek Ýolunyň Owgan Ugruny Dikeltdi

Şekillendiriş Sungaty Muzeýiniň Sergisinde Ahal-Teke Bedewleriniň Waspy