01.03.2026
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Türkmen Woleýbolçylary Aziýanyň Merkezi Sebitiniň Çempionatynyň Kümüş Baýragynyň Eýeleri

Türkmen Woleýbolçylary Aziýanyň Merkezi Sebitiniň Çempionatynyň Kümüş Baýragynyň Eýeleri

Türkmenistanyň woleýbol boýunça ýygyndy topary şu günler Maldiw Respublikasynyň paýtagtynda geçirilen Aziýanyň merkezi sebitiniň üçünji çempionatynyň kümüş medallaryny eýeledi. Türgenlerimiz jemleýji duşuşykda Gyrgyzystanyň topary bilen bäsleşdi. Çekeleşikli bäsleşigiň barşynda ýurdumyzyň woleýbolçylary baş baýragyň eýesi bolan garşydaşlaryndan asgyn geldiler.

Türkmen woleýbolçylary oýunlaryň deslapky tapgyrynda gyrgyzystanlylar bilen duşuşypdylar. Şonda ildeşlerimiz duşuşykda 2:3 hasabynda ýeňiş gazandylar.

Final duşuşygyna çenli oýunlarda Türkmenistanyň ýygyndy topary Nepalyň türgenlerini 3:0 hasabynda ýeňdi hem-de çempionatyň ýer eýeleriniň toparyndan şonuň ýaly hasap bilen üstün çykdy.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Awazanyň Täze Sport Toplumynyň Gurluşygynyň Barşy Bilen Tanyşdy

Dünýä Çempionatynda Ýene Bir Medal

turkmenhabargullugy