19.9 C
Aşkabat
19.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti Wideoşekilli Iş Maslahatyny Geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleriniň hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilişi bilen baglanyşykly ileri tutulýan wezipelere, obasenagat toplumynda işleriň ýagdaýyna hem-de döwlet durmuşynyň beýleki birnäçe wajyp meselelerine garaldy.

Milli Liderimiz göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynda ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowyň hasabatyny diňledi. Häkim welaýatda işleriň ýagdaýy, gowaça ekişiniň barşy, gurulýan desgalarda alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi. Şeýle hem galla oragyna we Türkmen bedewiniň baýramyna taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän işler hakynda habar berildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatda gowaça ekişini agrotehniki kadalara laýyklykda bellenilen möhletde geçirmek boýunça netijeli çäreleri görmegiň möhümdigine häkimiň ünsüni çekdi. Döwlet Baştutanymyz galla oragyna çenli az wagtyň galandygyny aýdyp, bu möwsüme  ykjam taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz galla orýan kombaýnlaryň, awtoulag serişdeleriniň, şeýle hem elewatorlaryň we ammarlaryň möwsüme doly taýýar bolmagyny talap etdi.

Döwlet Baştutanymyz obalary özgertmek boýunça milli maksatnamany amala aşyrmagyň çäklerinde durmuşa geçirilýän işleriň döwrüň talabyna laýyk gelmelidigine ünsi çekip, bu babatda görülýän çärelere toplumlaýyn we jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň baýramy barada durup geçmek bilen, meýilleşdirilen dabaralara ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmek barada anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz maslahatyň barşynda ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak  bilen bagly meseleleriň üstünde durup geçdi. Hormatly Prezidentimiz K.Atalyýewi zähmet dynç alşyna gitmegi sebäpli, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmak hakyndaky Permana gol çekdi. Soňra hormatly Prezidentimiz Ý.Gurbanowy göni aragatnaşyga çagyryp, ony Gökdepe etrabynyň häkimi wezipesine belleýändigini aýdyp, degişli Permana gol çekdi hem-de bu jogapkärli wezipede üstünlikleri arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz Gökdepe etrabynyň häkiminiň oba hojalygy boýunça orunbasary wezipesine Ý.Gulmämmedowy bellemek hakynda Karara hem gol çekdi. 

Soňra göni wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyna Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow çagyryldy. Ol sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Häkim şeýle hem döwlet Baştutanymyza ýurdumyzda her ýyl giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramyna görülýän taýýarlyk barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz agrotehniki çärelerе, ilkinji nobatda, ak ekinlere ideg etmek we galla oragyna görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly çärelere ünsi çekip, welaýatda bu möhüm oba hojalyk möwsüminiň  örän haýal depginler bilen alnyp barylýandygyny aýdyp, häkime  nägilelik bildirdi. Döwlet Baştutanymyz galla oragyny zerur derejede geçirmek üçin degişli çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtady hem-de oba hojalyk tehnikalarynyň, ammarlaryň we elewatorlaryň möwsüme taýýarlanylyşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

Milli Liderimiz obany özgertmek boýunça milli maksatnamany toplumlaýyn durmuşa geçirmek, ilatyň durmuş-ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmagyň hem-de welaýatyň ykdysadyýetini pugtalandyrmagyň ilkinji nobatdaky meseleleriň hatarynda durýandygyny aýdyp, dürli ähmiýetli desgalaryň gurluşygyny öz wagtynda tamamlamagy we ýokary hilini üpjün etmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz şeýle hem Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli meýilleşdirilen baýramçylyk çäreleriniň ählisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy. 

Wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda döwlet Baştutanymyz wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Balkan welaýatynyň häkiminiň orunbasary D.Ataýewe berk käýinç yglan etdi.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen wezipeler boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde ekerançylar üçin  örän jogapkärli döwür bolan gowaça ekişini guramaçylykly geçirmek, ak ekinlere ideg etmek, galla oragyna taýýarlyk görmek babatda ýaýbaňlandyrylan çäreler barada habar berildi. 

Şeýle hem häkim aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilip geçiljek  Türkmen bedewiniň baýramyny dabaraly ýagdaýda belläp geçmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk derejede guralmagynyň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz pagtaçy kärendeçileri zerur serişdeler bilen üpjün etmegi, şeýle hem ekiş möwsümini agrotehniki kadalara laýyklykda geçirmek üçin ähli çäreleri görmegi  gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezdi. Milli Liderimiz şeýle hem dürli maksatly binalaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagynyň we olaryň ýokary hil derejesine eýe bolmagynyň zerurdygyny aýratyn belledi we bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri  berdi. 

Milli Liderimiz galla oragyna az wagt galandygyny, şoňa görä-de, oba hojalyk tehnikalarynyň, awtoulaglaryň, şeýle hem elewatorlaryň, ammarlaryň taýýarlyk derejesine aýratyn ähmiýet berilmelidigini tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ýetip gelýän baýramçylyklara taýýarlyk görmek meselesine ünsi çekip, Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanan çäreleriň geçiriljek atçylyk-sport toplumyny, bu şanly senelere doly taýýarlamak babatda anyk tabşyryklary berdi.   

Iş  maslahatynyň dowamynda döwlet Baştutanymyz welaýatyň häkimlikleriniň guramaçylyk meselelerine degip geçmek bilen, W.Meretamanowy Akdepe etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellemek hakyndaky Karara gol çekdi. 

Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew öz gezeginde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, obasenagat toplumynda we maldarçylyk hojalyklarynda önümliligi ýokarlandyrmak, gowaça we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişini guramaçylykly we öz wagtynda geçirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Mundan başga-da, ýetip gelýän milli baýramçylyk mynasybetli işlenip taýýarlanan medeni maksatnama hakynda hasabat berildi. 

Milli Liderimiz Oba milli maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň welaýatyň hemmetaraplaýyn ösüşi bilen bir hatarda, sebitiň ilatynyň durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyny şertlendirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz häkime welaýatda gurulýan desgalaryň, aýratyn-da, möhüm ähmiýetli binalaryň gurluşygyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.  

Döwlet Baştutanymyz orak möwsümine guramaçylykly girişmek bilen baglanyşykly ähli çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmelidigini tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz aprel aýynda belleniljek baýramçylyklar barada durup geçip, olar bilen baglanyşykly toý dabaralarynyň ählisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek barada häkime degişli görkezmeleri berdi. 

Şeýle hem milli Liderimiz  wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda A.Ýagşyýewi Atamyrat etrabynyň häkiminiň orunbasary, Ş.Hamraýewi Serdarabat etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellemek hakyndaky Kararlara gol çekdi.   

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow sebitiň  çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gurluşygy dowam edýän desgalardaky işleriň depginini güýçlendirmek babatda amala aşyrylýan çäreler hakynda hasabat berdi. Mundan başga-da, häkim ýazky ekiş möwsümini guramaçylykly we ýokary hilli geçirmek  babatda ýaýbaňlandyrylan işler barada aýtdy. Bellenilişi ýaly, welaýatda häzirki döwre çenli 90 müň gektardan gowrak meýdana gowaça ekildi. Hasabatyň çäklerinde ýakynlaşyp gelýän baýramçylyklara taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi. 

Hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda we maldarçylyk hojalyklarynda alnyp barylýan işlere ünsi çekmek bilen, olaryň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz meýilleşdirilen çäreleriň ýokary derejede geçirilmeginiň oba hojalyk önümleriniň bolçulygynyň baş şertidigini nygtady. Milli Liderimiz ýaz-meýdan işlerini guramaçylykly we öz wagtynda geçirmek boýunça ähli zerur çäreleri görmek babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.  

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň   baýramçylygy barada durup geçip, şanly sene bilen baglanyşykly dabaralaryň ählisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini nygtady we bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi.  

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň etraplarynyň guramaçylyk meselelerine degip geçmek bilen, B.Begliýewi özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin Altyn sähra etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmak we bu wezipä M.Gulamowy bellemek hakyndaky Kararlara gol çekdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz A.Hojaýewi Altyn sähra etrabynyň häkiminiň orunbasary, M.Aýdogdyýewi Mary etrabynyň häkiminiň orunbasary, B.Allanazarowy Murgap etrabynyň häkiminiň orunbasary, A.Arnamyradowy Tagtabazar etrabynyň häkiminiň orunbasary, A.Kerimowy bolsa Serhetabat etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipelerine bellemek hakyndaky Kararlara gol çekdi.   

Soňra hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowy çagyrdy. Wise-premýer obasenagat toplumyndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem Türkmen bedewiniň baýramyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz obasenagat pudagynda öňde durýan  möhüm oba hojalyk çärelerini üstünlikli geçirmek bilen baglanyşykly meseleleriň öz wagtynda çözülmeginiň ähmiýetini nygtap, agrotehniki çäreleri guramaçylykly geçirmäge gözegçiligi üpjün etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet  Baştutanymyz bu işlere toplumlaýyn çemeleşmegi talap edip, wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem milli Liderimiz Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralaryň ählisiniň ýokary derejede guralmagyny üpjün etmegiň möhümdigini belledi. 

Maslahatda şeýle hem döwlet durmuşynyň beýleki wajyp meselelerine garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Göni aragatnaşykda geçirilen wideoşekilli iş maslahatynyň ahyrynda  hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara türkmen döwletini mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge hem-de türkmen halkynyň abadançylygyna gönükdirilen giň möçberli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.  

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentine Mähirli Gutlaglar

syrach

Türkmen Ylmynyň Ýaş Zehinleriniň Sylaglanyş Dabarasy

syrach

Türkmenistanyň Baştutany Kataryň Ylym, Bilim we Jemgyýetçilik Ösüşi Boýunça Gaznasynyň Ýolbaşçysy Bilen Duşuşdy