01.12.2025
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistan Kataryň Ulag-Logistika Kompaniýalaryny Bilelikde Işlemäge Çagyrdy

Türkmenistan Kataryň Ulag-Logistika Kompaniýalaryny Bilelikde Işlemäge Çagyrdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-katar gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy, hususan-da, deňiz we howa gatnaşyklaryny ösdürmegi görkezdi.

Dohada geçen ýokary derejeli türkmen-katar gepleşiklerinde Merkezi Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň arasynda ykdysady gatnaşyklary has hem ösdürmäge ýardam berjek halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri döretmek boýunça başlangyçlaryň ähmiýeti bellendi.

Häzirki wagtda Hazar deňzinde iri taslamanyň amala aşyrylmagy – Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň gurluşygy tamamlanyp barýar. Şunuň bilen baglylykda türkmen tarapy bu ulgamda ägirt uly iş tejribesine eýe bolan Kataryň iri ulag-logistika kompaniýalaryny bilelikde işlemäge çagyrýar.

Türkmenistan Türkmenbaşy halkara deňiz portuny iri ulag-logistika ulgamyna öwürmegi maksat edinýär. Hut şu sebäpli hem ýurdumyz bu ulgamda Kataryň kompaniýalarynyň baý tejribesini öwrenmäge gyzyklanma bildirýär.

Degişli makalalar

Janly Tebigaty Goramak Maslahat Geçirilýär

syrach

Ýerewanda “Aşgabat 2017”-niň Oýunlary Hakynda Žurnal Neşir Edildi

turkmenhabargullugy

Beýik Magtymgulynyň Ýadygärliginiň Hormatyna