11.2 C
Aşkabat
01.03.2026
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistan Ownganystandaky Ýagdaýyň Syýasy Serişdeler Arkaly Kadalaşdyrylmagyna Ygrarlydygyny Tassyklady

Türkmenistan Ownganystandaky Ýagdaýyň Syýasy Serişdeler Arkaly Kadalaşdyrylmagyna Ygrarlydygyny Tassyklady

Gazagystanda döwlet saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystandaky ýagdaýyň diňe parahatçylykly we syýasy serişdeler bilen kadalaşdyrylmalydygyny belledi.

Milli Liderimiz Gazagystanyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew bilen boldan gepleşikleriň dowamynda Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak üçin halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň gatnaşmagynda netijeli syýasy-diplomatik guralyň döredilmelidigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan we Gazagystan goňşy ýurtda ýagdaýy kadalaşdyrmak, soňky ýyllarda bu ýerde göze ilýän oňyn meýilleri berkitmek, onuň ykdysady we durmuş ulgamyny dikeltmek, Owganystany sebit we dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşmak maksady bilen dünýä bileleşigine zerur goldawy bermäge taýýardyr.

Çeşme: TDH

Degişli makalalar

Hala Ýazylan Ýagşy At

Daşary Ýurt Raýatlaryny Hasaba Almak Üçin Talap Edilýän Resminamalar

Merkezi Aziýa-Hytaý Gaz Geçirijisi Boýunça 304,6 Mlrd Kub Metr «Mawy Ýangyç» Iberildi