16.04.2026
DURMUŞ

Türkmenistan respublikasynyň döwlet gimni.

Janym gurban saňa, erkana ýurdum,

Mert pederleň ruhy bardyr köňülde.

Bitarap, garaşsyz topragyň nurdur,

Baýdagyň belentdir dünýäň öňünde.

Halkyň guran Baky beýik binasy,

Berkarar döwletim, jigerim-janym,

Başlaryň täji sen, diller senasy,

Dünýä dursun, sen dur, Türkmenistanym!

Gardaşdyr tireler, amandyr iller,

Owal-ahyr birdir biziň ganymyz.

Harasatlar almaz, syndyrmaz siller,

Nesiller döş gerip gorar şanymyz.

Halkyň guran Baky beýik binasy,

Berkarar döwletim, jigerim-janym,

Başlaryň täji sen, diller senasy,

Dünýä dursun, sen dur, Türkmenistanym!

Degişli makalalar

Häzirki Zaman Modasynyň Milli Öwüşginleri

syrach

Ýurdumyzyň Iň Gowy Etrabyna Türkmenistanyň Prezidentiniň Baýragy Gowşuryldy

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Mejlisinde Eden Çykyşy