23.9 C
Aşkabat
26.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Ýurdumyzyň Iň Gowy Etrabyna Türkmenistanyň Prezidentiniň Baýragy Gowşuryldy

Yzgant obasynda 2019-njy ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi bolan
Gökdepe etrabyna mynasyp bolan baýragy-ABŞ-nyň 1 million dollaryny gowşurmak dabarasy boldy.

Dabara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Mejlisiň deputatlary, welaýatyň we etrabyň häkimlikleriniň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, kärendeçiler, önümçiligiň öňdebaryjylary, hormatly ýaşulular, ýaşlar hem-de welaýatyň köp sanly ilaty gatnaşdy.

Iň gowy etrap diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň netijeleri Ministrler Kabinetiniň Türkmenistany 2019-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemlerine bagyşlanyp, 7-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde yglan edildi. Hödürlenen maglumatlar bilen tanşyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň häkimligini sylaglamak hakynda Buýruga gol çekdi.

Her ýylda geçirilýän bu bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, ýeňiji sebitleriň ösüş maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegi, däne, pagta we beýleki ekinleri ýygnamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalary ýerine ýetirişi, medeni-durmuş maksatly desgalary öz wagtynda ulanmaga bermek, şeýle hem ilatyň iş bilen üpjünçilik, dynç alyş, olary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek bilen baglanyşykly meseleleri çözmek ýaly görkezijiler boýunça kesgitlenýär.

…Yzgant obasyndaky baýramçylyk çäreleri Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdebiniň öňündäki giň meýdançada başlandy. Bu ýerde myhmanlary çagalar — deprekçiler topary we ýaş aýdymçylar garşyladylar.

Baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylar ilki bilen bu mekdepde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy, watançy esger, halypa mugallym, ilhalar ynsan B.Annaýewiň hatyrasyna bina edilen ýadygärlige ter gül desselerini goýup, tagzym etdiler. Soňra olar mekdebiň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde bolup, bu ýerde saklanylýan gymmatlyklar bilen tanyşdylar.

Soňra baýramçylyk dabarasy türkmen halkynyň milli gelin toýy bilen utgaşdy. Bu ýerde gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan milli däplerimize hem-de bagtyýar zamanamyzyň ruhuna laýyklykda belentden tutulan durmuş toýunyň bu ajaýyp waka bilen özara sazlaşmagy hemmelerde kalp joşduryjy duýgulary döretdi.

Ynsan köňlüne tükeniksiz şatlyk paýlan bagt toýunda ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlardyr urp-adatlaryň berjaý edilmegi, onda bagşy-sazandalaryň belent joşgun hem-de ussatlyk bilen ýerine ýetiren aýdym-sazlary baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylaryň şatlyklaryny goşalandyrdy.

Ahal welaýatynyň birleşen dutarçylar toparynyň çykyşlary ata-babalarymyzdan miras galan asylly däp-dessurlarymyzyň üstüni sazlaşykly ýetirdi. Bagşy-sazandalaryň şirin hem labyzly ýerine ýetiren nusgalyk halk aýdym-sazlary ildeşlerimize ruhy lezzet paýlady.

Soňra dabara gatnaşyjylar ýurdumyzda hereket edýän dokma kärhanalarynda öndürilen önümleriň sergileri bilen tanyşdylar. Bu ýerde Diýarymyzyň tanymal suratkeşleriniň, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda gazanylýan üstünliklerimizi beýan edýän döredijilik işleriniň sergileri hem myhmanlara görkezildi.

Şunuň bilen bir hatarda, sergide ýurdumyzyň dokma kärhanalary we obasenagat toplumy tarapyndan öndürilýän önümler görkezildi. Olar pagta hem-de pagtadan öndürilýän önümler, gowaçanyň, bugdaýyň we beýleki ekinleriň tohumlary, gök-bakja önümleri, dökünler, deri hem-de deri önümleri, suwaryş işlerinde we suwarymly ýerleri özleşdirmekde ulanylýan enjamlar hem-de tehnikalar, innowasion tehnologiýalar, pile we pile önümleri, çörek önümleridir.

Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň amaly-haşam sungatynyň eserleri hem-de beýleki gymmatlyklar bolan ýene-de bir bölüm halkymyzyň baý we özboluşly medeni mirasyna bagyşlandy.

Bu ýerde häzirki zamanyň kämil tehnikalary bolan sanly telematik ulgam arkaly işleýän «John Deere» kysymly traktorlaryň görkezilmegi has-da täsirli boldy. Myhmanlar oba hojalyk pudagyna dolandyrmagyň sanly elektron ulgamyny ornaşdyrmak boýunça geçirilýän işler, sanly tehnologiýalaryň artykmaçlyklary bilen tanyşdyryldy.

Soňra Yzgant obasynyň sport mekdebiniň öňündäki meýdançada şowhunly aýdym-sazlaryň astynda sport görkezme çykyşlary guraldy. Dabaranyň dowamynda sportuň dürli görnüşleri boýunça taýýarlanan görkezme çykyşlary türkmen sportuny has-da belende göterjek, beden taýdan berk kämil nesli kemala getirmekde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň neneňsi ägirt uly üns berýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Aýdymlarda we tanslarda ata Watanymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň rowaç işleriniň, eşretli ýaşaýşymyzyň, saglygyň girewi bolan sportuň hem-de sagdyn durmuş ýörelgesiniň waspy has-da belentden ýetirildi. Bu ýerde dartylan ýüpüň üstünde sirk sungatynyň çylşyrymly oýunlaryny we tilsimlerini görkezýän ussat darbazlar hem çykyş edip, dabara gatnaşyjylara uly şatlyk paýladylar.

Soňra Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgüniň nepis türkmen halylary bilen bezelen owadan meýdançasynda giň göwrümli aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde meşhur aýdymçylaryň hem-de tans toparlarynyň çykyşlary dabara uly şowhun berdi. Belent joşgun bilen ýerine ýetirilen şol çykyşlarda bagtyýar il-günümiziň, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýen şu ýylymyzyň şygary astynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda röwşen ýol bilen barýan Diýarymyzyň, amala aşyrylýan sahawatly işleriň, şeýle hem päk zähmetiň tarypy öz beýanyny tapdy.

Olaryň çykyşlarynda türkmen halkynyň asyrlar aşyp, sünnälenip şu günlere ýeten dünýä nusgalyk ruhy gymmatlyklary, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ruhubelent halkymyzyň asuda, erkana hem eşretli durmuşa guwanç-buýsançlary çeper röwüşde giňden öz beýanyny tapdy.

Bu ýerde gurnalan merdana halkymyzyň altyganat ak öýleri, hatara atarylan toý gazanlary, şolarda türkmen halkynyň köp görnüşli milli tagamlaryny taýýarlaýan eli süýji aşpezler, hamyr ýugrup, çörek, çelpek, çapady ýaly türkmen saçagynyň hemişelik bezegine öwrülen datly tagamlary taýýarlaýan gelin-gyzlarymyz bu çäräniň ýaraşygy boldular.

Mundan başga-da, dabarada türkmen toýlarynyň iň gyzykly pursatlary bolan goç süsüşdirmek ýaryşlarynyň guralmagy, onda baýraklaryň goýulmagy, şeýle-de türkmeniň dünýä meşhur alabaý itleriniň naýbaşy tohumlarynyň görkezilmegi ildeşlerimizde aýratyn gyzyklanma döretdi.

Bu ýerde çagalar sungat mekdeplerinde tälim alýan ýaş suratkeşleriň şol wagtky şowhunly dabarany şöhlelendirip, ak kagyza geçirýän pursatlary, ýeriň ýüzünde şekillendirýän göze gelüwli surat işleri has-da täsirli boldy. Dabarada sportuň milli göreş görnüşi boýunça geçirilen ýaryşlar hem köp tomaşaçyly boldy. Ýeňijilere ogşuk ýaly uly baýraklar gowşuryldy.

Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgünde türkmen halkynyň milliliginiň alamaty bolan gelin-gyzlarymyzyň el işlerini ýerine ýetirmekleri gurnaldy. Onda gelin-gyzlarymyzyň şahyrana dünýäsiniň döreden halk döredijilik eserleri bolan läleleri, monjukatdylary, hüwdüleri, şeýle hem toý däp-dessurlary bilen bagly aýdymlary ýerine ýetirişleri diýseň täsirli boldy. Soňra Medeniýet köşgüniň maslahatlar zalynda baýragy gowşurmak dabarasy boldy.

Dabaranyň başynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gökdepe etrabynyň zähmetkeşlerine, ähli ilatyna iberen Gutlagy okaldy. Milli Liderimiziň Gutlagynda bellenilişi ýaly, biz ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek, dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň birine öwürmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak boýunça öz öňümizde belent wezipeleri goýduk. Şu wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin biziň ählimiz yhlas bilen tutanýerli zähmet çekmelidiris. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny yzygiderli ýokarlandyrmalydyrys.

Döwlet Baştutanymyz Gutlag hatynda şu belent wezipeleri amala aşyrmaga etrabyň zähmetkeşleriniň hem işjeň gatnaşyp, geljek ýyllarda-da ähli ugurlarda uly üstünliklere eýe boljakdyklaryna, 2019 — 2025-nji ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny ýerine ýetirmäge uly goşant goşjakdyklaryna berk ynam bildirdi.

Soňra Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy Gökdepe etrabynyň häkimine etrabyň mynasyp bolan baýragyny gowşurdy.

Häkim ýaşaýjylaryň adyndan milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi, etrabyň önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagy we ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy ugrunda hemmetaraplaýyn işleriň amala aşyryljakdygyna hem-de bu ugurda zerur tagallalaryň ediljekdigine ynandyrdy.

Dabarada çykyş eden hormatly il ýaşululary, zähmet toparlarynyň wekilleri
halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagy, Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagy, welaýatlarda döwrebap durmuş-ykdysady düzümiň döredilmegi ugrunda yzygiderli alada edýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, Türkmenistanda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeleriň netijesinde, sebitleri senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatyny köpugurly esasda ösdürmek, ähli pudaklara öňdebaryjy tehnologiýalary, şol sanda sanly ulgamy ornaşdyrmak, şonuň esasynda dürli görnüşli senagat we oba hojalyk önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça anyk wezipeler durmuşa geçirilýär.

Watanymyzyň ähli künjeklerine täze durmuş ymykly aralaşýar. Olar barha gözel keşbe eýe bolýar. Gökdepe etraby hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde täze şäheriň — Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygy batly depginde alnyp barylýar.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynyň” durmuşa geçirilmegine iri maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Şonuň çäklerinde,
«Köpetdag» we «Owadandepe» geňeşlikleriniň çäklerinde döwrebap nusgadaky obalaryň düýbi tutuldy.

Her ýylda müňlerçe maşgalalar ýokary amatlylygy bolan öýlerde täze jaý toýlaryny toýlaýarlar. Häzirki zaman döwrebap ýokary tehnologiýaly zawodlar hem-de fabrikler, ýokary derejede enjamlaşdyrylan saglygy goraýyş, medeniýet we sport merkezleri, orta mekdepler, çagalar baglary we ýokary okuw mekdepleri gurlup ulanmaga berilýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban halkymyzyň we eziz Diýarymyzyň her bir raýatynyň abadançylygyny, bagtyýarlygyny esasy ugur edinýän döredijilikli syýasatynyň anyk miwesidir.

Milli sungatyň gülläp ösmegine uly goşant goşan ussatlaryň hem-de ýaş ýerine ýetirijileriň çykyşlary şu dabara gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Ýaňlanan aýdym-sazlar etrabyň gazanan ajaýyp ýeňşi mynasybetli özboluşly sena öwrüldi.

Döredijilik işgärleriniň çykyşlarynda Arkadag Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda gazanylan ajaýyp üstünlikler, şol sanda etrabyň ýeňşi wasp edildi. Joşgunly ýerine ýetirilen çykyşlar dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Dabarada çykyş edenler etrabyň ilatyny abraýly bäsleşigiň ýeňijisi diýen ýokary sylaga eýe bolmagy bilen gutladylar. Olaryň çekýän asylly zähmeti tutuş türkmen halky üçin nusgalykdyr.

Soňra Medeniýet köşgünde sungat ussatlarynyň konserti bolup, ol baýramçylyk öwüşginini has-da artdyrdy.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul etdiler. Onda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmen döwletiniň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşine goşýan goşantlaryna berlen ýokary baha üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk sözleri beýan edilýär. Şeýle hem dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy ata Watanymyzyň mundan beýläk-de kuwwatlanmagy we şan-şöhratynyň belende galmagy ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Bu ajaýyp wakanyň şanyna toý sadakasy berildi. Onda okalan aýat-töwirlerde ýurdumyzyň gülläp ösmegi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan ähli tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagy dileg edildi.

Degişli makalalar

Eýran lazer ýarag synagyndan soň harby türgenleşik geçirýär.

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasyna Iş Saparynda Bolar

syrach

TÜRKMENISTAN DAŞARY ÝURTLY

syrach