20.9 C
Aşkabat
25.04.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistan we BAE Özarabähbitli Hyzmatdaşlygy Ösdürmek Bilen Bagly Meseleleri Ara Alyp Maslahatlaşdylar

2020-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda sanly wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly DIM-ara geňeşmeleri geçirildi. Türkmen wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew ýolbaşçylyk etdi. BAE-niň wekiliýetine Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň syýasy meseleler boýunça orunbasary Halifa Şahin Halifa Almarar ýolbaşçylyk etdi.

Gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginde ýokary derejedäki duşuşyklaryň guramaçylygynyň netijeli gural bolup durýandygy bellenilip geçildi.

Diplomatlar Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky gatnaşyklarda köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ugrunyň hem işjeň alnyp barylýandygyny bellemek bilen, ýurtlaryň halkara guramalarynyň, aýratyn hem BMG-niň çäklerindäki oňyn hyzmatdaşlygyny nygtadylar. Mundan başga-da, iki döwletiň şertnama-hukuk binýadyny giňeltmek boýunça meselelere seredildi.

Şeýle hem dünýäde ýüze çykan pandemiýanyň sebitde hem-de dünýäde täsiriniň ýeňilip geçilmegi ugrunda Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara giňişliginde öňe süren teklipleri dogrusynda bellenilip geçildi.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda gürrüň etmek bilen taraplar bu ugurda özarahereketleri giňeltmek üçin oňyn mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar we söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-emirlikler toparynyň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar.

Iki döwletiň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmegiň aýratyn möhüm bolup durýandygy barada aýdyp, taraplar bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň has hem ýygjamlaşdyrylmagyna gyzyklanma bildirdiler. DIM

Degişli makalalar

Türkmenistanda Efiopiýanyň Ilçisi Işläp Başlady

Türkmenistanyň Prezidenti Päkistan Yslam Respublikasynyň Prezidentine Gynanç Birdirdi

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

turkmenhabargullugy