18.9 C
Aşkabat
26.04.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanda Adam Söwdasynyň Meseleleri Boýunça Maslahaty Geçirildi

2015-nji ýylyň 13-14-nji maýynda Migrasiýa boýunça Halkara Guramasynyň (MHG) Türkmenistandaky Wekilhanasy Türkmenistanyň Hökümeti bilen hyzmatdaşlykda ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň neşelere garşy halkara göreşi we hukuk goraýyş işi boýunça býurosynyň ýardam bermeginde hukuk goraýjy edaralary tarapyndan adam söwdasyndan ejir çekenleri ýüze çykarmak we gaýtadan ýola salma gurallary boýunça sebitleýin okuw maslahatyny gurady.    

Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Awstriýanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Türkiýe Respublikasynyň adam söwdasyna garşy göreşe çekilen hukuk goraýjy we beýleki döwlet edaralalaryndan bolan hünärmenler, bilermenler, jemgyýetçilik we halkara guramalarynyň wekilleri sebitleýin okuw maslahatyna gatnaşdylar.  

Sebitleýin okuw maslahaty adam söwdasynyň öňünden duýdurylmagy we goragy ýaly netijesinde söwda ugrukdyryjylarynyň yzarlanylmagy we jezalandyrylmagy duran  adam söwdasyna garşy göreşmegiň iki sany düzümine ählimetli täsir edýän ýüze çykarmak, gaýtadan ugrukdyrmak, adam söwdasyndan ejir çekenleri goramak boýunça tagallary we meýilnamalary utgaşdyrmagyň netijeliligini görkezmek arkaly adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça kanunçylygyň ýerli mümkinçilikleriniň pugtalandyrylmagyna we güýçlendirilmegine gönükdirildi.

Okuw maslahatynyň dowamynda oňa gatnaşyjylar häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň biri bolan hem-de global çözgütleri talap edýän adam söwdasy bilen bagly bolan meseleleriň çözgüdine gönükdirilen tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň aýratyn ähmiýetini belläp geçdiler. Şunuň bilen baglylykda, okuw maslahatyna gatnaşyjylar  düzgün-tertip, adam hukuklarynyň we gender çemeleşmeleriniň berjaý edilmegi ýörelgeleriniň nazarda tutulmagy, şeýle hem adam söwdasyndan ejir çekenleriň gyzyklanmalaryny nazarda tutup, şeýle-de döwlet institutlary, raýat jemgyýetleri we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk boýunça adam söwdasyndan ejir çekenleri ýüze çykarmak we olara ýardam etmek boýunça tejribeler we işler boýunça pikirleri alyşdylar.

Gatnaşyjylar adam söwdasyndan ejir çekenleri ýüze çykarmak, olaryň gaýatdan ugrukdyrylmasy, olara öňki hukuklarynyň doly berilmegi, hukuk kömekleriniň berilmegi, ýitgileriniň öweziniň doldurylmagy we soňraky goşulyşmagy bilen bir hatarda hemaýat-goldawlaryň berilmegi ulgamynda kadalaşdyryjy-hukuk resminamalarynyň impelementasiýasyndaky meseleler we mümkingadar çözgütler bilen tanyşdylar, şeýle-de ejir çekenleriň ýüze çykarylmagy we olaryň gaýatadan ugrukdyrylmagy boýunça Operatiw standart amallary ýaly kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň çäklerinde edaralaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň arasyndaky işleri utgaşdyrmak boýunça tejribelerini alyşdylar.  

Ahyrynda, ejir çekenleriň ýüze çykarylmagy we olaryň gaýatadan ugrukdyrylmagy boýunça Operatiw standart amallar bilen bir hatarda Adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça çäreleriň Milli meýilnamasynyň degişli taraplaryň arasynda hereketleriň utgaşdyrylmagy üçin möhüm gural bolup durýandygyny bellenilip geçilmelidir. Bu sebitleýin okuw maslahaty örän möhüm ähmiýete eýe boldy, bu ýerde Türkmenistandan bolan gatnaşyjylar adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça kadalaşdyryjy-hukuk namalaryň işlenilip düzülmeginde uly goldaw berjek zerur bilimleri aldylar. 

Degişli makalalar

Almatyda Ylmy-Amaly Maslahat Geçirildi

syrach

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýurdumyzyň Demokratik Partiýasy Tarapyndan Ýokary Wezipä Hödürlendi

turkmenhabargullugy

Nebitiň Çykarylyşynyň Çäklendirilişine Gözegçilik Etmek Boýunça Iş Toparynyň Düzümi Tassyklanyldy